ÝB Kosowada dartgynlylyklaryň gowşadylmagyna çagyrýar, ABŞ Pristina wekilini ýollady
Ýewropa Bileleşigi Kosowany we Serbiýany aralaryndaky dartgynlylyklary gowşatmaga çagyrdy.
Şol bir wagtda, Kosowanyň demirgazygynda serb protestçileriniň tapgyr üç gün esasy ýollary petiklemeginiň arasynda, ABŞ-nyň wekili Pristina geldi.
12-nji dekabrda geçirilen soňky protestler mundan iki gün öň etniki serb polisiýa ofiseriniň tussag edilmegi bilen baglylykda tutaşdy. Dejan Pantik geçen aý etniki serblaryň polisiýadan köpçülikleýin işden çykmagynyň arasynda wezipesini tabşyrypdy.
Mundan öň, Pristina 1998-99-njy ýyllardaky Kosowa urşundan öň berlen serb ulag belgileriniň aýrylmagyny talap etdi.
Kosowa 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan etdi. Bu ädimi Birleşen Ştatlar, Britaniýa we Ýewropanyň esasy güýçleri goldady. Emma Serbiýa we Russiýa muny ret etdi.
Kosowanyň demirgazygynda ýaşaýan etniki serbler uruşdan soň hem Serbiýanyň edaralary tarapyndan çykarylan ulag belgilerini ulanyp gelýärdiler. Kosowa hökümeti bulary bikanun hasaplasa-da, soňky wagta çenli bu ýagdaýlara göz ýumupdy.