Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Türkmen TW-si Türkmenabatda wideo düşürýär we 'gelşikli' gatnaşyjylary saýlaýar

0

Türkmenistanyň dürli şäherlerinde döwlet telewideniýesinde görkeziljek baýramçylyk dabaralary barada reportaž taýýarlamak boýunça çäreler dowam edýär. Guramaçylykly geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň mejbury gatnaşyjylary ýene-de okuwçylar hem-de öz iş borçlaryndan we dynç almak hakyndan mahrum edilýän býujet işgärleridir.

Şu günler döwlet telewideniýesi üçin Türkmenabatda düşürilýän wideolara hem býujet işgärleri çekilýär. Gatnaşyjylardan edilýän esasy talap olar ýaş we geýnüwli gelin-gyz bolmaly.

"Bu täze ýyl çäresine ýaş owadan geýnüwli gelin-gyzlar gatnaşmaly edildi. Olaryn eşikleri 'milliligimizi görkezmeli" diýlip, häkimlik tarapyndan buýruk berildi. Esasanam sýomka gatnaşýan bilim işgärleri. Olar günde iş ýerlerine gelip, ondan soň çäre geçirilýän ýerlere özleri gitmeli bolýar" diýip, habarçymyz 30-njy dekabrda aýtdy.

Türkmenabatda esasy çäreler welaýatyň baş arçasynyň daşynda geçirilýär. 27-nji dekabrda başlanan çäreler 1-nji ýanwara çenli dowam eder. Günde repetisiýa geçirilýär.

Baş arça şäheriň daşynda ýerleşýän ak öýüň ýanynda guraldy. Şol ýere şäherden baryp, soň yzyna gaýtmak üçin hem wagt, hem-de esli maddy çykdajy bolýar. Habarçymyz jemgyýetçilik transportunyň kadaly ýola goýulmandygy sebäpli, taksili gatnamak ýeke-täk mümkinçilik bolýar. Taksi çykdajysy şu günler adam başyna 10-20 manat aralygynda bolýar. 

Çykdajylaryň ählisi gatnaşyjylaryň üstüne ýüklenýär. Gatnaşyjylaryň geýjek toý lybaslary hem olaryň öz hasabyna alynýar. 

"Çäre egin-eşikleri, gündelik ýol çykdajylary sýomka gutarýança gatnaşýanlaryň boýnuna ýüklenýär. Her mekdepden, çagalar bagyndan azyndan 4-5 işgär saýlanyp ugradylýar" diýip habarçymyz aýtdy.

Emma onuň sözlerine görä, iş ýeriniň ýolbaşçylary tarapyndan saýlanyp çärä ugradylan zenanlaryň gatnaşdyryljagyny öňünden bilip bolmaýar. Sebäbi olar çäräniň geçirilýän ýerine baransoň, ýene-de gözden geçirilýär, guramaçylar olary saýlaýar. 

"Şol iberilen işgärler sýomka baranlarynda häkimligiň işgärleri olary "talaba laýyk" diýip hasap etmese, çärä salynmaýarlar.

Habarçynyň bellemegine görä, býujet edaralaryň zenan işgärleri bu kemsidiji ýagdaýdan we surnukdyryjy çärelerden nägile bolýarlar, emma ýolbaşçylarynyň işden kowmak haýbatlaryndan habarly bolup, öz nägileliklerini açyk görkezmekden saklanýarlar we çäreden ýüz öwürip bilmeýärler.

Ýerli häkimiýetleriň gurnaýan häzirki baýramçylyk dabaralary 31-nji dekabrda agşamyndan Täze ýyl gijesine çenli dowam eder. Şeýlelikde, çäreçiler surata düşüriljek ýere agşam sagat 18:00-da baryp, Täze ýyly hem şol ýerde garşylamaly bolar.      

"Maşgala bilen bellenilýän baýramçylykda mejbur çärä gatnaşmak diňe Türkmenistanda bolup biler. Edara başlyklary hem öz işgärleriniň ýagdaýlaryna düşünseler-de, ýokardan gelýän buýrugyň güýji adamlaryň hukugyndan has uly bolup galýar" diýip, habarçymyz bilen gürleşen türkmenabatlylaryň biri aýdýar. 

Türkmenabadyň häkimiýetleri baş arçanyň daşyna saýlanan gatnaşyjylary mejbury toplaýarka, ýerli ýaşaýjylar, şol sanda çagalar baýramçylyk atmosferasyndan lezzet alyp bilmeýärler. Bu ýeriň daşyny gaban polisiýa olary bezelen arçanyň golaýyna goýbermeýär. 

"Baş arçanyň ýanyna baryp bolmaýar. 100-e golaý polisiýa gözegçilik edýär. Ýerli ene-atalar çagalary bilen baryp, uzakdan görüp gaýdýarlar. Bu ýagdaý 1-nji ýanwara çenli dowam eder" diýip, habarçymyz aýdar. 

Türkmenistanda telewideniýede görkezilýän şatlykly şagalaňlary emeli gurnamak we olara çagalary, orta ýaşly adamlary we ýaşy uly nesli çekmek tejribesi on ýyldan gowrak wagt bäri dowamly saklanýar. Adamlar baýramçylyk dabaralary, täze desgalaryň açylyşy, bag ekmek ýa-da pagta, bugdaý we beýleki oba hojalyk önümleriň ýygnalmagyna bagyşlanan üýşmeleňlere gatnaşmaga mejbur edilýär.

Döwlet telewideniýesi üçin öňünden surata düşürilýän çäreleriň gatnaşyjylary öz hasabyna satyn alnan birmeňzeş eginbaşlary geýip, emeli ýylgyrýan, talap edilen pursatlarda el çarpýan şowhunly märekäniň roluny ýerine ýetirýärler. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: Благоустройство улицы Бутлерова в ЮЗАО завершено





Москва

«Адвокат Валиевой: ей подсыпали допинг и сделал дедушка». Серьёзное расследование.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Мэр Москвы поздравил бизнесменов с Днем российского предпринимательства



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бато Багдаев

Театр кукол Бурятии "Ульгэр": Россия, Культура, Театр, Дети - Спектакль "Курочка ряба"




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В Подмосковье прошли соревнования Кубка Kramar Motorsport по автокроссу

«Адвокат Валиевой: ей подсыпали допинг и сделал дедушка». Серьёзное расследование.

Завершилась сап-экскурсия на фестивале «Москва — на волне. Рыбная неделя»


Елена Рыбакина

Рыбакина рассказала о болезни перед стартом на «Ролан Гаррос»



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


ТПП

Уральская ТПП подписала соглашение о сотрудничестве в области роботизации промышленных предприятий



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России