Türkmen prezidenti aprelde Täjigistana sapar eder
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 8-9-njy martda Duşenbä sapar edip, täjik kärdeşi Sirojiddin Muhritdinow bilen gepleik geçirdi; prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana etjek döwlet sapary bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy.
Täjigistanyň Daşary işler ministrligi türkmen prezidentiniň saparynyň apreliň birinji ýarymynda amala aşyryljakdygyny habar berýär.
Saparyň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Şeýle-de, şu ýylyň sentýabrynda Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy-döwletleriň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň meselelerine garaldy.
Täjik tarapy Täjigistanda umumy bilim berýän orta mekdebiň gurulmagy boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Raşid Meredow 9-njy martda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň azgalarynyň Täjigistanyň ugurdaş ministrleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşygy geçirildi; Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistanyň Hatlon welaýatynda hem iş saparynda boldy.