Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2023

PÝGG palçykda ulaglary hapalanýan sürüjilerden para soraýar, boýun gaçyranlara jerime ýazýar

0
PÝGG palçykda ulaglary hapalanýan sürüjilerden para soraýar, boýun gaçyranlara jerime ýazýar

Mary welaýatynyň Baýramaly we Ýolöten etraplarynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri awtoulaglarynyň daş ýüzi hapa sürüjileri saklap, olardan 20 manat möçberinde para talap edýär. Ýol polisiýasy para beren sürüjilere “ak ýol arzuw edýär” we goýberýär. Para bermekden ýüz öwren sürüjilere “ak ýol arzuw edilmeýär” we para bilen deň möçberde jerime ýazylýar.

“20 manat möçberinde para berseňiz, ‘Ýoluňyz ak bolsun!” diýip, alkyş bilen goýberýärler. Bu parany bermeseňiz, jerime ýazýarlar we ‘Ýoluň ak bolsun!’ hem diýmeýärler” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýol polisiýasy ýurduň günorta-gündogar sebitlerine 11-12-nji mart günleri ýagan ýagyşdan soň, has-da işjeňleşdi.

“Mary welaýatynda 11-nji mart gijesi we 12-nji mart güni ygally howa boldy. Etraplaryň köçeleri heniz hem guramady, häzir hem köçelerde suw üýşüp, palçyk bolan ýerler bar. Ýol polisiýasy etrap merkezlerindäki köçeleriň guran böleklerinde durup, awtoulaglary hapa bolan sürüjileri saklaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan sürüjiler aýdýarlar.

Türkmenistanda awtoulag sürüjileri onýyllyklaryň dowamynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň para talaplary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Polisiýa işgärleri köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine köplenç “para talaplary” bilen gözegçilik etmegi saýlap alýarlar. Häkimiýetleriň para talaplaryna boýun bolýan sürüjiler köplenç halatda ýol polisiýasynyň dürli bahanalar bilen para toplaýan guralyna öwrülýärler.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly meseleler wagtal-wagtal Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde gün tertibine getirilýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň içeri işler edaralary ýurduň gara ýollarynda bolup geçýän ýol-ulag hadysalary we awtoulag heläkçilikleri barada halka hasabat bermeýär.

Marynyň etraplarynda ýagyş-ýagmyrdan soň, köçelerdäki batgalyk sebäpli awtoulaglary hapalanýan sürüjiler polisiýa işgärlerine öz ýagdaýlaryny düşündirmäge çalyşýarlar.

Obalardan gelen sürüjiler diňe bir ýagyşdan soň awtoulaglarynyň polisiýa tarapyndan ‘awlanmagyna’ däl, eýsem, sähel ygal ýaganda obalardaky ýollaryň batgalyga öwrülmeginden hem şikaýat edýärler.

Döwlet media serişdeleri ýol gözegçiligi gullugynyň ‘para talaplary’, ýa-da sähel ýagyşdan soň, suw üýşüp, batgalyga öwrülýän ýollar barada habar bermeýär. Ýurduň ýollary döwlet telewideniýesinde “aýna ýaly tekiz” ýollar hökmünde mahabatlandyrylýar we sebitlerde palçyga bulaşýan ýollar asla agzalmaýar.

Şol bir wagtda, hökümet resmileri oba milli maksatnamalarynyň çäklerinde etraplaryň we obalaryň infrastrukturalarynyň ösdürilýändigini aýdýarlar.

“Jerime ýazma, gaýrat et! Ýollar heniz palçyk. Seniň köçäň hem gury däldir. Etrap merkezleriniň köçeleri guran hem bolsa, obalardaky köçeler ýagyşdan soň, heniz guramady” diýip, sürüjiler polisiýa işgärlerine ýalbarýarlar.

Ýöne ýol polisiýasy “hapalyk bahanasy” bilen, sürüjilere görä, ýa para talap edýär, ýa-da jerime ýazýar.

“Ertir ýollar gurasa, awtoulaglarymyzy ýuwup, aý ýaly edip, köçä çykararys!” diýip, sürüjiler wada berýär. Ýöne polisiýa işgärleri sürüjiler bilen ylalaşmaýar.

Üstesine, Türkmenistanda häkimiýetler soňky ençeme ýyllardan bäri, ähli awtoulaglaryň ak reňke boýalmagyny tutanýerlilik bilen talap edip geldi.

Palçyk köçeler ak reňkli awtoulaglary has-da hapa görkezýär. Ak reňkli ulaglaryň üstüne syçran palçyk, has göze ilginç bolýar.

Galyberse-de, hapaçylyk zerarly, polisiýanyň para ýa-da jerime talaplaryna duçar bolýan sürüjiler PÝGG-niň öz ulaglaryndaky palçygy ýa-da hapaçylygy görüp has-da nägile bolýarlar.

“Han-ha, seniň hem awtoulagyň hapa diýsek, polisiýa bize özüniň häzir awtoulag sürmeýändigini, sürjek wagty ýuwup sürmekçidigini aýdýar” diýip, maryly sürüjiler şikaýat edýärler.

Bu aralykda, palçykly köçelerde ulaglary hapalanýan sürüjiler olary ak reňke boýatmak üçin eden azabyny ýatlaýarlar.

“Öýüň gapysyny reňklemek üçin ak reňkli boýag tapyp bilmedik hem bolsak, awtoulaglarymyz üçin ýörite ak boýag satyn alyp, ulaglarymyzy reňkletdik. Indi bolsa, köçeler gurap-guramanka, hapa diýip, 20 manat pulumyzy ogurlaýarlar” diýip, sürüjiler aýdýarlar.

Türkmenistanda durmuşyň tas ähli ugurlarynda korrupsiýanyň dürli görnüşleri, şol sanda para bermek we para almak ýaly endikler giň ýaýran bolup, ýurduň hökümeti korrupsiýa garşy hereketsizlikde aýyplanýar. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa oba ýerlerindäki köçeleriň gözgyny haly, ýa-da ýol polisiýasynyň para talaplary barada asla habar bermeýär. Resmi metbugata görä, türkmen halkynyň her bir güni ösüşlerden ösüşlere beslenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин поздравил жителей Москвы и ветеранов с Днем Победы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Блондинчик: жена бывшего Волочковой стала мамой во второй раз




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Махачкалинское «Динамо» победило «Химки», «Родина» сместила «Арсенал» с 4-го места

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Парад победы в Москве завершился пролетом авиации


ATP

Российский теннисист поднялся на две позиции в топ-10 рейтинга ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Парад Победы на Красной площади в Москве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России