Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2023

Türkiýeden wizasyz gelen türkmen ýolagçylary soraga çekilýär

0
Türkiýeden wizasyz gelen türkmen ýolagçylary soraga çekilýär

Aşgabadyň aeroportunda Stambul ugry bilen gelýän türkmen raýatlary köpçülikleýin soraga çekilýär. Howpsuzlyk işgärleri ozaldan Türkiýä wizasy bolanlary päsgelçiliksiz geçirip, beýleki ýolagçylaryň syýasy garaýyşlary bilen gyzyklanýarlar. Bu barada golaýda Türkiýeden dolanan migrant Azatlyga gürrüň berdi.

“[Aeroportda] Türkiýeden gelen türkmen ýolagçylaryny, covid testi tabşyrylandan soň, iki topara bölýärler. Ýagny bir topar bu – öňünden türk wizasyny alanlar, beýleki topar hem – ýa deportasiýa edilenler ýa-da uzak wagtdan soň watanyna dolananlar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Ol MHM işgärleriniň uçar bilen gelen 160 çemesi ýolagçynyň ýüzden gowragyny saklap, aýry-aýrylykda soraga çekendiklerini aýtdy.

“Wizasy bolanlar göni geçirilýär. Meni aeroportda alty sagat sakladylar. Soragyň özi bir sagat töweregi dowam etdi. Olar [MHM] ilki Türkiýede näme işländigim bilen gyzyklandylar. Mylaýymlylyk bilen gürleşmäge çalyşsalar-da, maglumat almakçy bolýandyklary aýdyňdy. Soňra syýasy garaýyşlarymy, aktiwistleri tanap-tanamaýandygymy... soradylar. Men, elbetde, ýalan sözläp, oppozision garaýyşlar bilen gyzyklanmaýandygymy aýtdym” diýip, 20 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz nygtady.

Beýleki reýsler bilen Stambuldan gelen ýollagçylar hem, Azatlyga şular ýaly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny tassykladylar.

Tankydy pikire çydamlylyk görkezmeýän Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary wagtal-wagtal daşary ýurtlardan gelýän raýatlary göni aeroportuň özünde syýasy, dini garaýyşlary sebäpli soraga çekýärler, mobil telefonlaryny barlaýarlar. Emma Türkiýe bilen wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagyndan soň, bu tejribeler köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

Geçen sentýabrda Ankara, Aşgabadyň haýyşy esasynda, türkmen raýatlary üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgünini ýatyrypdy.

Munuň yzy bilen Türkiýede bikanun bolýan türkmen migrantlary has köp saklanyp, watanyna deportasiýa edilip başlandy. Galyberse-de, habarçylarymyzyň tassyklaýyşy ýaly, türkmen raýatlarynyň bu ýurtda kanuny esasda galmak üçin dokument taýýarlamak işleriniň has kynlaşmagy netijesinde, käbirler başga üçünji ýurtlara çykmagy, beýlekileri hem Türkmenistana dolanmagy saýlap aldylar.

“Stambuldan [türkmen howa ýollary kompaniýasynyň] Boeing 737 uçary bilen [Aşgabada] gelýän türkmen ýolagçylarynyň adatça üçden ikisini wiza almadyklar düzýär. Olar sorag geçirilýänçä, aeroportdan goýberilmeýär. Wizasy bolanlaryň aglabasy hem, görnüşinden, Türkiýeden haryt gatnadýan torba söwdagärleri” diýip, aeroportuň işgärleriniň biri habarçymyza şaýat bolýan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu aralykda, wiza düzgüninden soň, türkmen raýatlarynyň Türkiýä syýahat etmek mümkinçilikleri hem has-da kynlaşdy.

Aşgabatdaky türk konsullygyndan Türkiýä wiza açdyrmak üçin, ýüz tutulýan wizanyň görnüşine görä, 20 töweregi resminama talap edilýär. Şeýle-de, munuň bilen bagly çykdajylar 1 müň dollara (gara bazaryň nyrhy – red.) çenli ýetýär.

Habarçylarymyz Türkiýä wizany, esasan hem onuň uzak möhletleýin görnüşini haryt gatnadýan söwdagärleriň oňardýandygyny belleýärler. Emma türkmen häkimiýetleri wiza alnandan soň hem, berjaý etmeli goşmaça talaplary girizdiler.

“Uzak, ýagny üç aý we bir ýyl möhlet bilen wiza alanlar her üç aýdan Türkmenistana giriş etmeli. Migrasiýa ýogsa soňundan olara 10 ýyl möhlet bilen ýurtdan çykmazlyk barada möhür basyljakdygyny duýdurýar. Bu okuw maksatly wiza alan raýatlara degişli däl” diýip, bu ýagdaýlardan habarly ýene bir söhbetdeşimiz aýtdy.

Ýöne türkmen raýatlary üçin türk wizasyny, ýa-da islendik ýurduň wizasyny almak diýmeklik elmydama ýurtdan päsgelçiliksiz çykylmagyna rugsat beriljekdigini aňlatmaýar. Ýurduň güýç edaralary wagtal-wagtal düşündiriş bermezden raýatlaryň ýurtdan çykmagyny eden-etdilikli gadagan edip bilýär.

Şol bir wagtda, daşary ýurtlardan gelýän türkmen ýolagçylary aeroportuň özünde talap edilýän covid testiniň töweregindäki alym-berimden hem şikaýat edýärler.

“Pandemiýa çäklendirmeleri ýatyrylsa-da, Türkmenistana daşardan gelýän ýolagçylar 120 manat töläp covid testini tabşyrmaly. Testiň negatiw netijesi bolmazdan, aeroportdan çykarmaýarlar. Garaz, test alýanlaryň jübüsine 20 manat goýsaň, testiň netijesini bir sagada ýetirmän berýärler. Bolmasa-da, ençeme sagatlap garaşdyryp bilýärler” diýip, ýakynda Türkiýeden dolanan söhbetdeşimiz belledi.

Türkiýe, wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagyndan ozal, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alan esasy ugurlarynyň biridi. Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň soňky sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 200 müňden aşa raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Emma habarçylarymyz bu ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenleriň hem has köpdügini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: На Пасху городской транспорт будет работать дольше





Москва

Продвижение новых песен с высоким результатом


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: На Пасху городской транспорт будет работать дольше



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

БГАТОиБ

Выпускники БРХК вновь выступят на одной сцене




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Тулячка заняла первое место в международных спортивных играх детей городов-героев

Росгвардейцы обеспечили безопасность во время футбольного матча в Москве

Жулин заявил, что ему нужен миллион рублей для комфортной жизни в Москве


WTA

Свентек стала первой полуфиналисткой турнира WTA-1000 в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России