Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2023

Lebap: 'Türkmenistan' awiakompaniýasy uçar biletlerini diňe online görnüşde satyp başlady

0
Lebap: 'Türkmenistan' awiakompaniýasy uçar biletlerini diňe online görnüşde satyp başlady

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherin​däki edarasynda uçar biletlerini satmagy bes etdi. Agentligiň işgärleri müşderilere uçar biletleriniň mundan beýläk diňe online görnüşde satylýandygyny aýdýarlar.

Bu waka, awiakompaniýanyň içerki howa gatnawlarynda üstaşyr we daşary ýurt ugurlary boýunça awiabiletleri öz web sahypasynda we mobile goşundysynda online satyn alyp bolýandygyny yglan etmeginden bir aý soňa gabat geldi.

"Şu gün "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Türkmenabadyň aeroportundaky kassasynyň öňüne gaty köp adam üýşdi. Olar Aşgabada uçar biledini satyn almaga çalyşýarlar. Ýöne ýurduň awiakompaniýasynyň işgärleri indi biletleri diňe online satyn alyp bolýandygyny aýdyp, hiç bir adama bilet satmadylar. Her bir adam öz telefony ýa-da noutbuky arkaly bilet satyn almaly. Halkara biletleri hem şeýle" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 21-nji martda aýtdy.

Azatlygyň awiakompaniýanyň sebitdäki edarasyndan telefon arkaly kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady. Şeýle-de, täze düzgün bilen bagly häzirlikçe ýurduň beýleki sebitlerinden hem maglumat alyp bolmady.

"Türkmenistan" awiakompaniýasy öz web sahypasynda biletleri online satyn almaga niýetlenen gurallary (syýahat ugruny, gününi we wagtyny saýlamak mümkinçiligini) baryp 2018-nji ýylda ýerleşdirdi. Muňa garamazdan, bu gurallardan peýdalanmak häzirki güne çenli mümkin däldi.

Habarçyymyzyň maglumatyna görä, köp adam täzeligiň uçar biletleriniň satuwy bilen bagly para-berimiň aradan aýrylmagyna kömek etjekdigini aýdyp, bu karary gowy garşy aldy. Beýleki tarapdan, bu karar Internetden başy çykmaýan köp adamy aljyraňňy ýagdaýa saldy.

"Bilet satyn almaga baran 100 adamdan 90 adam kassalardaky işgärlerden biletleri online görnüşinde nädip satyn almalydygyny soraýar. Kassirler hem çala gepläp, telefonyňyzdan satyn alyp bilersiňiz diýip, olara kömek etmeýärler. Internetden başy çykmaýan sada ýa-da oba adamlary telefondan nädip bilet satyn almalyka diýip, biri-birinden soraýarlar. Köp adam telefonlarynyň ýüzüne garap durýar" diýip, habarçy belledi.

21-nji fewralda "Türkmenistan" awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti raýatlaryň 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 10-dan turkmenistanairlines.tm online awiabilet satuw sahypasynda we mobil goşundysynda içerki howa gatnawlary we daşary ýurt ugurlary boýunça awiabiletleri satyn alyp bilýändigini yglan etdi.

"Telefon arkaly bilet satyn aljak bolsaň, ilki awikampaniýanyň mobil goşundysyny telefonyňa indirmeli. Soňra ol ýere beýlekiler bilen bir hatarda, bank kartyňdaky we pasportyňdaky maglumatlary doldurmaly. Bu operasiýany köp adam amala aşyryp bilmeýär" diýip, habarçy aýtdy.

Bu ýagdaý, Internetden başy çykýan käbir adamlar üçin "gazanç çeşmesini" döretdi. Habarçymyzyň sözlerine görä, awiakompaniýanyň aeroportdaky kassasynyň golaýynda online bilet satyn alyp bermegi hödürleýän adamlar peýda boldy. Olar "bu hyzmat" üçin raýatlardan 300-400 manat aralygynda pul soraýarlar.

"Bu puly berip, bilet satyn alan ýolagçy köp. Men azyndan 20 adamyň şu hyzmatdan peýdalanandygyna şaýat boldum. Bu hyzmaty hödürleýän adamlaryň Türkmenabadyň merkezindäki käbir nokatlarda hem bardygy aýdylýar" diýip, habarçy belledi.

Ýurduň maliýe pudagynyň sanly ulgama geçirilýändigini we raýatlara töleg-hasaplaşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň hödürlenýändigi ýygy-ýygydan tekrarlanýan Türkmenistanda ilat häzire çenli uçar biletlerini diňe nagt görnüşinde, awiakampaniýanyň kassalaryndan satyn alyp bilýärdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ürkmenistanlylaryň köpüsi bu ýagdaýyň ýurtda uçar biletleriniň käte emeli ýeter-ýetmezçiligine sebäp bolan bolsa, olaryň satuwy bilen bagly para-berim wakalarynyň "gülläp ösmegine" hem getirýändigini onlarça gezek gürrüň beripdiler.

20-nji martda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz Türkmenbaşy-Aşgabat ýa-da Aşgabat-Lebap aralygy üçin bir uçar bilediniň döwlet bahasynyň ortaça 350 manada barabardygyny, ilatyň ony almak üçin bermeli parasynyň möçberiniň bolsa 1500 manada ýetýändigini aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Филипп Киркоров

«Попрошайка»: Киркоров унизил Успенскую в эфире шоу




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

Спорт объединяет поколения: в Москве прошёл праздник ко Дню Победы для детей с ОВЗ


WTA

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


News Every Day

Sci-Fi Short Film BackSpace Forever - DUST - Online Premiere



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России