Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2023

Türkmenabatda onlarça ýaşaýjy seýilgähiň ýykylmagyna garşylyk bildirdi

0
Türkmenabatda onlarça ýaşaýjy seýilgähiň ýykylmagyna garşylyk bildirdi

Türkmenabadyň ikinji etrapçasynyň onlarça ýaşaýjysy 16-njy martda bir seýilgähiň ýykylyp, onuň ornuna ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyna garşy özakymlaýyn protest aksiýasyny geçirdi. Bu barada “HSM Habar” YouTube kanaly habar berýär.

Nägilelik hereketine etrapçadaky 10, 11, 12, 13, 14 we 15 belgili köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary, esasan aýal-gyzlar gatnaşdy.

Öz raýyna guramaçylyk bilen amala aşyrylan çärede ýygnananlar etrapçadaky köp gatly jaýlaryň arasynda ýerleşýän bir seýilgähiň, şol sanda çagalaryň oýun meýdançasynyň ýykylmagyna, ol ýerdäki 70 ýyl töweregi ömri bolan agaçlaryň çapylmagyna garşylyk beýan etdiler.

Ýerli ýaşaýjylar ýykylan meýdançanyň ozal çagalar üçin oýun meýdançasy bolandygyny, şol bir wagtda, ýer sarsgynlyklary ýaly tebigy betbagtçylyklarda adamlar üçin ýygnanyşmak nokady bolandygyny aýdýarlar.

Gündogar Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde düşürilen wideo habarda ýaşyl üçekli we dört-baş gatly ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda daşyna haýat aýlanan gönüburç gurluşyk meýdançasyny görmek bolýar.

Ýerli ýaşaýjylar meýdançadaky ýaşyl baglaryň çapylmagyna we çagalaryň oýun meýdançasynyň ýykylmagyna özleriniň nägile bolýandyklaryny aýdýarlar. Galyberse-de, seýilgähi ýykmak işleri barada etrapçanyň ýaşaýjylaryna häkimiýetler tarapyndan öňünden duýduryş berilmändir.

Şol bir wagtda, ýygnananlar fewral aýynda Türkiýede bolan agyr ýer sarsgynlary ýaly tebigy harasatlar bolan halatynda, Türkmenabatdaky ýykylan seýilgäh özleri üçin ýygnanyşyk nokady bolup bilerdi diýýärler.

Ýatlasak, 21-nji martda goňşy Owganystanda bolup geçen 6,5 bally ýer sarsgyny Türkmenabatda hem duýuldy.

Mundan ozal, 2020-nji ýylyň aprelinde hem ýurduň gündogar sebitlerinde, şol sanda Türkmenabatda adam ýitgilerine getiren tebigy betbagtçylyk, güýçli harasat boldy.

Onlarça sebit ýaşaýjysynyň gatnaşmagynda özakymlaýyn guramalaşdyrylan protest aksiýasy häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda galýan türkmen graždanlarynyň geçiren seýrek ýygnanyşyklarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlarynyň saýlaw-seçgilerini äsgermezlikde, ýurtda raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginiň öňüni baglamakda, päsgelçilik döretmekde, özge pikirli adamlary yzarlamakda we olara basyş etmekde tankyt edilýär.

Şol bir wagtda hökümetiň resmi ritorikasyna gabat gelmeýän habarlaryň ýaýradylmagy hem häkimiýetleriň çäklendirmelerine we basyşlaryna sezewar bolýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 23-nji martda sebitden iberen habarynda protest aksiýasyndan ýedi gün töweregi soň, ýykylan seýilgähiň ýerleşýän ýerinde gurluşyk işleriniň dowam etdirilmeýändigini, gurluşygyň togtandygyny habar berdi.

Garaşsyz turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, häzirki wagtda Türkmenabatda köp sanly dört-gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny, bu gurluşyklar üçin çagalaryň oýun meýdançalarynyň, dynç alyş meýdançalarynyň we suw çüwdürimleriniň ýykylýandygyny habar berýär. Şeýle-de, neşiriň çeşmelerine görä, ýerli gurluşyk kompaniýalary özlerine bölünip berilýän ýer bölekleri üçin emeldarlara onlarça müň dollar para bermeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi hem Türkmenabat şäherinde çagalara niýetlenen oýun meýdançalarynyň azalýandygyny aýdýar. Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, şäherde gurluşyk üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegine şäher häkimligi we ýer serişdeleri gullugy gatnaşýar. Ýer serişdeleriniň paýlanylmagy emeldarlar üçin, görnüşinden, “düşewüntli girdeji çeşmesine” öwrülipdir. Çeşmelerimiz ýerlerdäki gurluşyk işleri boýunça Aşgabatdan rugsat alynýandygyny belleýärler.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň içinde we daşynda ýaşaýan türkmenistanlylaryň häkimiýetlere bildirýän öz nägileliklerini aç-açan beýan etmegi ýaly hadysalar ýygjamlaşdy.

Üç ýyl ozal ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynda bolan betbagtçylykly harasatdan soň, türkmen hökümetiniň ejir çekenleri zerur ýardamlar bilen üpjün etmezligi; häkimiýetleriň global koronawirus pandemiýasyny ýurtda erjellik bilen ret etmegi; galyberse-de, ýurtda soňky ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisiň hökümet tarapyndan aç-açan boýun alynmazlygy; häkimiýetler tarapyndan ne tassyk, ne-de ret edilýän durmuş-ykdysady problemalar; giň ýaýran işsizlik we häkimiýetlere bolan ynamsyzlyk Türkmenistanyň graždanlaryny öz nägileliklerini köplenç aç-açan beýan etmäge iterdi.

Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti bolsa, soňky ýyllarda içerki syýasatda, esasan, döwlet baştutany wezipesini mirasdüşerlik arkaly geçirmek, ýurduň kanun çykaryjy ulgamyny birnäçe gezek üýtgedip gurmak ýaly işler bilen meşgul boldy.

Ilaty nägilelige iterýän kynçylyklar esasan daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýan Türkmenistanyň käbir graždanlarynyň sosial media arkaly özara guramalaşmagyna we ýurtdaky hukuk kemsitmelerine garşy protest beýan etmegine alyp geldi.

Türkmenabatda öz raýyna guramalaşdyrlan protest aksiýasy barada habar beren “Halkyň sesi media – habar” YouTube kanaly özüni Türkmenistanda raýat jemgyýetini döretmäge gönükdirilen durmuş-syýasy kanal hökmünde häsiýetlendirýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenabatda geçirilen protest aksiýasy barada şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: фронтовики и труженики тыла внесли бесценный вклад в защиту Родины





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Неделя мэра: новая «Иволга» и комплексное благоустройство



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Волочкова спасала платье и чуть не утонула на Мальдивах




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Махачкалинское «Динамо» победило «Химки», «Родина» сместила «Арсенал» с 4-го места


WTA

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Посол США Трейси в День Победы заявила, что надеется на былое сотрудничество



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России