Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2023

Balkanyň häkimiýetleri etraplardaky býujet işgärlerini Türkmenbaşa getirip, welosiped ýörişine taýýarlanýar

0
Balkanyň häkimiýetleri etraplardaky býujet işgärlerini Türkmenbaşa getirip, welosiped ýörişine taýýarlanýar

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününi mejbury köpçülikleýin çäreler bilen bellemäge taýýarlanýar. Munuň bilen bagly, welaýatyň dürli etraplaryndan bir müňden gowrak býujet işgäri Türkmenbaşy şäherine getirildi.

"Olaryň arasynda saglygy goraýyş we polisiýa işgärleri, şeýle-de prokuratura, bilim, kazyýet edaralarynyň, häkimlikleriň, banklaryň, oba we etrap arçynlyklarynyň hem-de beýleki edaralaryň işgärleri bar. 1200 çemesi býujet işgäri 26-njy martda Türkmenbaşa geldi" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji martda aýtdy.

Býujet işgärleri bilen bir hatarda, welaýatyň orta we ýokary hünär mekdeplerinde okaýan talyplar 7-nji aprelde geçiriljek we Awaza şäherçesinden başlanjak köpçülikleýin welosiped sürmek çäresine gatnaşarlar.

"Edara-kärhanalaryň her birinden, işgär sanyna görä, 3-10 adam aralygynda işgär bu çärä gatnaşmaly edildi. Olar Türkmenbaşydaky myhmanhanalara ýerleşdirildi. Jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri 1970-nji ýyllarda gurlan 'Hazar' myhmanhanasyna, lukmanlar we organ işgärleri 'Balkan' myhmanhanasyna ýerleşdirildi" diýip, habarçy belledi.

Şu günler Aşgabatdan gelen TW-režissýorlar çärä gatnaşýanlar bilen duşuşyklary hem geçirip, olara nirede we nädip ýöremelidikleri, welosipedleri nädip sümrelidikleri barada taýýarlyk işlerini geçirýärler.

"Türkmen telewideniýesi üçin öňünden reportažlar hem taýýarlanýar" diýip, habarçy belledi.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, häkimiýetler çärä gatnaşýanlardan täze sport egin-eşigini we welosipedi satyn almagy talap edýärler. Adatça bolşy ýaly, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary munuň üçin işgärlerden pul ýygnadylar.

"Ýolbaşçylar, şol sanda mekdep müdirleri munuň döwlet derejesindäki çäredigini aýdyp, pul bermekden boýun gaçyran işgärleriň, nähili işçidigine garamazdan, işinden boşadyljakdygy barada haýbat atdylar" diýip, bereketli bir mekdep mugallymy anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçynyň maglumatyna görä, bu welosipediň bahasy 3800 manada barabar bolup, bular golaýda hökümete ýakyn adamlar tarapyndan daşary ýurtlardan Türkmenistana getirildi.

"Çärä gatnaşýan her bir adamyň çykdajysy 6 müň manada barabar bolýar" diýip, mugallym belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat we şäher häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri, adatça, Bütindünýä saglyk gününde ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde köpçülikleýin welosiped sürmek çäresini geçirýärler. Bu çärä býujet işgärleriniň we talyplaryň müňlerçesi mejbury gatnaşdyrylýar.

Mundan başga-da, şol güni ýurduň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendirilýär.

"7-nji aprelde Balkanda, hususan-da Türkmenbaşyda 'awtoulagsyz gün' yglan ediljekdigi aýdylýar" diýip, habarçy belledi.

Bu aralykda, şu günler Awaza şäherçesiniň töwereginde oba hojalyk tehnikalary ýerleri sürüp, bag ekişine taýýar ýagdaýa getirýärler. Bütindünýa saglyk gününde bu ýerlerde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň 50 müň sanysynyň ekilmegine garaşylýar.

Türkmen hökümeti şeýle çäreleriň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak babatda habarlylygy ösdürmäge ýardam edýändigini aýdýar.

Bu öňe sürmeleriň arasynda, türkmen hökümeti halkara hasabatlarda daşky gurşawa agyr zyýan ýetirmekde tankyt edilýär.

Şu aýyň başynda Britaniýanyň "The Guardian" neşiri satellit suratlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazar kenarynyň golaýynda we möhüm geçirijide bir sagadyň dowamynda syzyp çykan zyýanly metan gazynyň möçberiniň 67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň bolandygyny habar berdi.

Türkmenistanda, türkmen hökümetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni yglan edilen, her ýylyň 3-nji iýunynda hem köpçülikleýin welosiped sürmek çäresi geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве





Москва

Что лечит невролог и с какими симптомами к нему обращаться?


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Queen

В день рождения White Queen собрала гостей на вечеринку в ARBAT 21




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Жители и гости Москвы смогут посетить фестиваль «Московская весна»

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Администрация округа Пушкинский допустила нарушения при проведении торгов



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России