Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2023

"Gülnaranyň yzy bilen barýar". Saida Mirziýoýewanyň BMG-de eden çykyşy barada, sosial ulgamlardaky seslenmeler

0

Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewa 23-nji martda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Suw baýlyklary boýunça konferensiýasynda çykyş etdi. Resmi habarlarda aýdylyşyna görä, Mirziýoýewa Özbegistanyň adyndan çykyş edip, Aral deňziniň ýagdaýy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri gozgapdyr. BMG-de çykyş edeninden soň, Mirziýoýewa özüniň sosial ulgamyndaky sahypalarynda Ak tamda we ABŞ-nyň Döwlet departamentinde gepleşikler geçirendigini aýdyp, ony tassyklaýan suratlary habarlaryň gapdalyndan ýerleşdirdi.

Ýerli metbugat we blogçylaryň bir topary Özbegistanyň prezidentiniň gyzynyň BMG-niň tribunasyndan eden çykyşyny "taryhy waka" hökmünde häsiýetlendirdiler.

 

Sözüniň ahyrynda Saida Mirziýoýewa garagalpak dilinde Ybraýym Ýusubowyň Aral deňzine bagyşlan goşgusyny okapdyr. Synçylar muny geçen ýylyň tomsunda konstitusion referenduma garşy Nöküsde geçirilen gandöküşikli protestler bilen baglanyşdyrdylar.

«Ol Garagalpagystanda bolan çaknyşygy dört setirlik goşgy bilen ýuwmak isleýär. Bu syýasy oýun» diýip, sosial ulgamda Daniýar Ziýaýew ýazýar.

Sosial ulgamlar Prezident administrasiýasynyň bölüm müdiri Saida Mirziýoýewanyň ýokary tribunadan, Özbegistana wekilçilik etmek hukugyny sorag astynda goýýarlar.

«Haýsy dereje bilen ol çykyş edýär? Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzynyň statusyndamy?» diýip, jemgyýetçilik aktiwisti Farida Şarif ýazdy.

«Eýsem ol aýalyň Özbegistanyň adyndan çykyş etmäge ygtyýarlygy barmy? Ömründe bir gezek Aral deňzine baryp gördümikä? Eýsem kanunda Özbegistanyň halkynyň çekýän jebir-jepalaryny we kynçylyklaryny dünýä sahnasyna ýetirmeli ygtyýarly adamlar anyklaşdyrylmaýarmy?» diýip, başga biri sosial ulgamda sorag goýýar.

Özbegistanda Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelmegi bilen onuň uly gyzy Saida Mirziýoýewa özüni halk köpçüligine medeniýetiň we sungatyň goragçysy, şeýle hem söz azatlygyny goraýjy hökmünde görkezip, şol ýurduň görnükli jemgyýetçilik wekilleriniň biri hökmünde tanalyp başlady. Mirziýoýewa köplenç resmi ýygnaklara gatnaşyp, ol ýerde çykyş edýär hem ýurduň sebitlerine we daşary ýurtlara iş saparlaryny amala aşyrýar. Saida Mirziýoýewanyň adynyň ýokary göterilmegi onuň Gülnara Kerimowa bilen deňeşdirilmegine sebäp boldy. Öňki aradan çykan prezident Yslam Kerimowyň meşhur we täsiri güýçli gyzy ahyrynda masgara bolup, öý tussaglygyna alyndy we soňra türmede, gözenegiň aňrysynda oturmaly boldy.

Londonda ýerleşýän Central Asia Due Diligence analitik merkeziniň direktory Alişer Ilhamow Saida Mirziýoýewanyň halkara konferensiýasynda eden çykyşyny nepotizm, ýagny döwlet ýolbaşçysynyň öz ýakynyny resmi derejesi bolmazdan, ol ýa beýleki görnüşde ýokary götermek hereketi hasaplaýar.

«Nepotizm herekete geldi. BMG-de çykyş etmek üçin, olar spesialisti ýa-da bütin ömrüne Aral deňzini halas etmek bilen meşgullanýan adamy däl-de, prezidentiň gyzyny iberýärler. Görşümiz ýaly, olar ony mundan beýläk-de öňe sürjek bolup, ýokary döwlet wezipesi üçin, onuň profilini emele getirýärler. Gülnaranyň yzy bilen barýarmy?

ps. Meniň pikirimçe, gyzyny Daşary işler ministri ýa-da ministriň orunbasary wezipesine taýýarlaýar. Ilki bilen döwlet hasabyna dünýäniň dürli künjegine gidip bolýar, dürli kabul edişliklere barmaga mümkinçilik bolar. Ikinjiden bolsa, ýurtdan çykarylan emlägi maşgalanyň hasabyna geçirmek aňsatlaşýar» diýip, Alişer Ilhamow Facebook'da ýazýar.

BMG-niň Konferensiýasynda Özbegistanyň prezidentiniň gyzynyň çykyşyna beýanat beren Kremli goldaýan "Gündogara nazar" Telegram kanaly Saida Mirziýoýewany "öz kakasynyň mümkin mirasdüşeri" diýip atlandyrdy.

«Kakasy aýdyň ýagdaýda uly gyzynyň dürli ugurlardan tejribe toplamagyny, adamlar bilen tanyşmagyny we halkara guramalarynyň dürli ýerlerde nähili işleýändigini bilmegini örän isleýär. Megerem, Mirziýoýewiň nukdaýnazaryndan, hut Saida geljekde ýurda ýolbaşçylyk etmäge has amatly görünýär. Kiçi gyzy Şahnozanyň we ogly Alişeriň, megerem, başga ugurlardan ukyby bardyr» diýip, "Gündogara nazarda" Etno-milli strategiýa agentliginiň direktory, Telegram kanalyň "KobrA" bölüminiň awtory Aleksandr Kobrinskiý aýdýar.

Sosial ulgamlary ulanyjylar Mirziýoýewanyň ABŞ-a saparynyň çäginde, Websaýtda çap edilen Saidanyň suratlarynyň biriniň aşagyndaky düşündirişde "diňe başyna täç ýetenok" diýip ýazypdyr.

Sosial ulgamlaryň özbek segmentini ulanyjylarynyň aglabasy "taryh gaýtalanmalardan ybarat" diýip, hasap edýändikleri üçin, Saidany "Gülnaranyň ýalňyşlaryndan sapak almaga" çagyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Балерина Анастасия Волочкова села на шпагат на Мальдивах




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»


WTA

WTA огорчила Елену Рыбакину после турнира в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Концерт "Две музы"



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России