Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2023

Türkmenistan Arkadag şäheri üçin 5 milliard dollar sarp eder

0

Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna gurulýan şäher üçin 5 milliard dollar sarp eder. Bu barada "France 24" telekanaly türkmen resmilerine salgylanyp, 29-njy martda habar berdi. Bu san şäheriň gurluşygyna 1,5 milliard dollaryň sarp ediljekdigi barada 2020-nji ýylyň fewralynda yglan edilen serişdeden üç esse köpdür.

"Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyry 3,3 milliard dollara durýar" diýip, fransuz telekanaly şäheriň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň aýdan sözlerini sitirledi.

Orazow ikinji tapgyra, çaklamalara görä, takmynan 1,5 milliard dollaryň sarp ediljekdigini hem belläp, takyk çykdajynyň möçberiniň tender yglan edilenden soň belli boljakdygyny aýtdy.

Düýbi Parižde ýerleşýän telekanal girdejisiniň köp bölegini ummasyz gaz gorlaryndan alýan Türkmenistanyň umumy içerki önüminiň, Bütindünýä bankynyň habaryna görä, 45 milliard dollar töweregindedigini hem ýatladýar.

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäherini gurmak karary 2019-njy ýylda Türkmenistandaky agyr ykdysady krizis wagtynda yglan edildi. 2020-nji ýylyň fewralynda türkmen häkimiýetleri bu gurluşyk taslamasyna 1,5 milliard dollar sarp ediljekdigini habar berdiler.

Häzir köpçülige mälim edilen sanlar ozalky yglan edilen serişdeden üç esse gowrak köp bolup, täze sanlar barada häzirlikçe berk döwlet gözegçiligindäki türkmen metbugat serişdelerinde maglumat göze ilmeýär.

Ýöne fransuz telekanalynyň beren maglumatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamany durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifingiň geçirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

TDH 28-nji martda geçirilen brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň çagyrylandygyny habar berdi.

Brifingde “Arkadag şäheri hakynda” kanun taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy, 2023-nji ýylyň 23-nji martynda bu kadalaşdyryjy hukuk resminamasynyň kabul edilendigi we oňa prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çekendigi hem aýdyldy. Kanun 24-nji martda resmi metbugatda çap edildi we şol günden güýje girizildi.

"Kanunyň esasy düzgünleri barada aýdylanda, Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher derejesiniň berlendigini bellemek gerek" diýlip, resmi habarda derejäniň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup başlanan şäheriň gurluşygynyň 2022-nji ýylyň dekabrynda doly tamamlanjakdygy aýdylypdy.

Emma türkmen häkimiýetleri bu senede şäheriň gurluşygyny tamamlamagyň deregine oňa "Arkadag" adyny dakmak barada karar kabul etdiler. Bu adyň saýlanylmagy tötänleýin bolmady. "Arkadag" prezident Serdar Berdimuhamedowyň diňe bir kakasynyň lakamy bolman, eýsem onuň özüne-de käwagt "Arkadag" ýa-da "Arkadagly Serdar" diýlip ýüzlenilýär.

Milliardlarça dollarlyk megaproýektiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly çynlakaý meseleleriň bardygy barada Azatlygyň habarçylary ençeme gezek maglumat berdiler. Taslamanyň desgalarynda işleýän işçileriň aýlyklarynyň tölenmeýändigi, şeýle-de, häkimiýetleriň Arkadagdaky gurluşyklar üçin beýleki sebitleriň hasabyna serişdeleri köpeltmegi meýilleşdirýändigi habar berildi.

Mundan başga, Aşgabadyň şäher gurluşyk edaralarynda işlän hünärmenler Arkadagyň proýektiniň düzülişinde seýsmiki howpsuzlyk nukdaý nazaryndan kemçiligiň köpdügini, gurlan binalaryň hiliniň pesdigini duýdurdylar. Munuň yz ýanynda, döwlet baştutany ýurtdaky gurluşyk işleriniň 'ýokary hilli' bolmagyny tabşyrdy.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Шевчук

"Вся лажа этим заканчивается": Шевчук со сцены в Дубае призвал зрителей к революции




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Пресс-служба «Лужников» опровергла информацию о концерте Канье Уэста в Москве

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


Андрей Рублёв

Рублёв стал победителем «Мастерса» в Мадриде



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

СМИ: Власти хотят уничтожить Эстонскую Православную церковь



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России