Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Stambulda türk erkegi türkmenistanly gyza jynsy taýdan sütem etmekde aýyplanýar

0

Türkiýede türk erkegi türkmenistanly gyza jynsy taýdan sütem etmekde aýyplanýar. Türkmen studenti polisiýa tarapyndan tussag edilen türk erkeginiň özüne “bu işi pul bilen çözmegi teklip edendigini” aýdýar. Bu ýagdaýlar barada türk mediasy habar berýär.

“Öňe sürmelere görä, Stambulyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan 20 ýaşly türkmen studenti okuwa gitmek üçin metrobüse münüp oturanda, biriniň aýagyna degýändigini duýýar. Ol töwerek-daşyna seredende, Bekir B. atly türk raýatynyň özüne jynsy taýdan sütem edýändigini görýär. Studentiň dessine gygyrmagynyň yz ýany, Bekir B. özüni dürseýär” diýlip, “Milliyet” neşiriniň 8-nji oktýabrda çap eden habarynda aýdylýar.

Türk mediasynda adynyň we familiýasynyň diňe baş harplary (M. A.) beýan edilen türkmen studentiniň 3-nji oktýabrda başdan geçirenlerine şaýat bolan ýolagçylaryň ençemesiniň türk raýatyny urup-ýenjendigi hem bellenilýär.

“Metrobüsüň sürüjisi polisiýa habar berdi. M. A. we oňa jynsy taýdan sütem edendigi aýdylýan türk raýaty Sefaköý duralgasynda metrobüsden düşüp, polisiýa işgärleri bilen duşuşdy. Bekir B. polisiýa tarapyndan tussag edildi. M. A. we waka şaýat bolan ýolagçylar polisiýa bölümine gidip, şikaýat etdiler” diýlip, habarda aýdylýar.

Başdan geçirenlerini türk mediasyna gürrüň beren türkmen studenti waka bolanda özüniň metrobüsde oturandygyny, Bekir B-niň dik aýak üstünde ýanynda durandygyny aýdyp, şeýle diýýär:

“Soňra aýagymda ýylylyk duýdum. Uzak ýol geçdik we soňra aýagymda suw ýaly bir zady duýdum. Şondan soň 'Näme edýärsiň?' diýip gygyrdym. Ol adam reaksiýa bildirmän, arka tarapa ýöräp başlady. Beýlekiler hem bu ýagdaýy gördüler, meniň şaýatlarym bar. Şondan soň gygyryp başladym... Men henizem özüme gelip bilemok. Men gaty gorkdum” diýip, “Sondakika” neşiri türkmen studentiniň sözlerini sitirledi.

Türkmenistanly gyz wakanyň yz ýany, türk raýatynyň özüne “bu işi pul bilen çözmegi teklip edendigini” hem aýdýar.

“Men onuň puluny islämok. Meniň eşiklerimiň hemmesi polisiýa bölüminde. Men gaty erbet boldum. Men [bu ýagdaýlary] başdan geçirdim, başga biriniň hem başdan geçirmegini islemeýärin” diýip, türk mediasy türkmen studentiniň sözlerini sitirledi.

Türkiýäniň media serişdeleri türk raýatynyň polisiýadaky proseduralardan soňra kazyýet diňlenşigine çykarylandygyny we tussag edilendigini habar berýär.

Türkiýe türkmenistanly ýaşlaryň ýokary bilim almak üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň biridir. Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 28-nji sentýabrda täzelenen sanlaryna görä, 11 müň 955 türkmen raýaty student wizasy esasynda bu ýurtda okaýar.

Türkmen hökümeti Türkiýede okaýan türkmenistanlylaryň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine mälim etmeýär. Şeýle-de, häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri olaryň bu ýurtda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada hem mesele gozgamaýarlar.

Ýöne Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda türkmen studentleri türk metbugatyndaky habarlaryň arasynda ýygy-ýygydan peýda boldy. Geçen ýylyň noýabrynda kellesine ok degen türkmenistanly student gyzyň jesedi Samsun şäherindäki awtoulag bejerýän kärhanada tapylypdy.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о комфортных автопутешествиях


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Концерт "Две музы"




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета


ATP

Андрей Рублев поднялся на шестое место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Что лечит невролог и с какими симптомами к нему обращаться?



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России