Russiýa oppozisioneriň doganyny tutup, Duşenbä iberdi
Rus häkimiýetleri oppozisiýa teleýaýlymynyň müdiriniň doganyny Täjigistana ekstradisiýa etdiler diýip, onuň 9-njy oktýabrda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan garyndaşlary aýtdy.
Asliddin Şarifowyň garyndaşlary AÝ/AR-nyň Täjik gullugyna Russiýanyň Ýekaterinburg şäheriniň polisiýasynyň ony geçen ýylyň sentýabr aýynda tussag edendigini we bir ýyla golaý ekstradisiýa tussaghanasynda saklap, şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Täjigistana iberendigini aýtdy.
Täjik häkimiýetleri Şarifowyň, oppozisiýadaky “Payom” onlaýn teleýaýlymynyň müdiri Şawkat Muhammadiniň doganynyň tussag we ekstradisiýa edilmegi barada entek düşündiriş bermedi.
Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň birinde ýaşaýan Muhammadi Azatlyk Radiosyna täjik resmileriniň Şarifowyň häzir nirede saklanýandygy barada maglumat bermekden ýüz öwrendigini aýtdy.