Gyrgyz häkimiýetleri Batken sebitinde 32 metjidi, 5 sany dini mekdebi ýapdy
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti 10-njy oktýabrda günortadaky Batken sebitinde ýerleşýän 55 metjitde we alty sany dini mekdepde geçirilen barlaglar esasynda, ýörite komissiýanyň gelen netijelerine laýyklykda 32 metjidi we bäş sany dini mekdebi ýapandygyny aýtdy.
Sebit hökümetine, MHK-a, Içeri işler ministrligine, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine, Saglygy goraýyş ministrligine, baş müftiniň edarasyna we beýleki döwlet edaralaryna hem-de guramalaryna wekilçilik edýän adamlardan düzülen komissiýa barlanan dini guramalaryň içinde radikal yslam ideologiýasynyň we ekstremistik garaýyşlaryň bolup bilmek ähtimallygyny anyklady diýip, habarda aýdylýar.