Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Lebapda 'Green Card' lotereýasy üçin anketa doldurýan raýatlar köpelýär

0
Lebapda 'Green Card' lotereýasy üçin anketa doldurýan raýatlar köpelýär

Lebap welaýatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ýaşaýyş durumyny almak isleýänleriň köpelendigini synlasa bolýar. Munuň bilen bagly, şu günlerde sebitiň wiza we terjimeçilik merkezlerinde “Green Card” lotereýasy üçin anketa doldurtmak isleýän adamlar göz-görtele artdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenabat şäherindäki wiza we terjimeçilik merkezlerine ýüzlenip, iňlis dilindäki anketany doldurdmak isleýän adam juda köp. Olaryň arasynda erkekler we zenanlar bar. Ýöne umuman alanyňda, erkekleriň sanynyň has köpdügini synlasa bolýar” diýip, habarçymyz belledi.

ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda halk içinde “ýaşyl kart” lotereýasy diýilýän programma arkaly beýleki ýurtlaryň raýatlaryna amerikan ýaşaýyş durumyny almak mümkinçiligini döredýär. Ýylda bir gezek gurnalýan diwersifikasiýa utuşlaryna gatnaşyjylar iňlis dilindäki ýörite anketany online görnüşde dolduryp iberýärler.

Iňlis dilini gowy bilmeýän ýa-da iňlis diliniň derejesi pes bolan köp adam anketalary doldurmak üçin wiza we terjimeçilik merkezleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýar.

“Raýatlar öz ýany bilen biometriki pasportyny, mat görnüşdäki suratyny eltýär. Şeýle-de, şol merkezlerde anketadaky soraglara jogap ýazdyrdyp, olary doldurdýarlar we hasaba goýdurdýarlar. Raýatlaryň her biri bu hyzmat üçin 300 manat töleýär. Anketalary dolduryp bermek hyzmaty noýabryň 5-ne çenli dowam edýär” diýip, habarçymyz belledi.

Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, “Green Card” lotereýasyna isleg bildirýän raýatlaryň köpelmegine, ykdysady kynçylyklar we işsizlik bilen bir hatarda, lotereýanyň soňky netijeleriniň yglan edilmeginiň yz ýany, utuş gazanan türkmenleriň arasynda sebit ilatynyň köp bolmagy hem täsir edipdir.

“Bu, agyr ykdysady we durmuş şertlerinden çykalga gözelýän raýatlar üçin umyt döretdi. Adamlar daş-töweregindäki tanyşlarynyň utuş gazanandygyny eşidensoň, bu umydyň hasyl bolmak ähtimallygynyň ýokarydygyna göz ýetirip başladylar” diýip, anketa doldurtmak üçin wiza merkezine baran bir türkmenabatly anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtyna görä, lotereýanyň soňky netijeleri şu ýyl utuş gazanan türkmen raýatlarynyň sanynyň, mundan sekiz ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende, azyndan 14 esse artandygyny görkezýär.

“Green Card” lotereýasynda ýeňiş gazanan türkmenistanlylaryň sany 2016-nji ýylda 91-e, 2017-nji ýylda 306-a, 2018-nji ýylda 258-e, 2019-njy ýylda 515-e, 2020-nji ýylda 870-e, 2021-nji ýylda 745-e, 2022-nji ýylda 555-e deň boldy. 2023-nji ýylda bolsa, bu görkeziji 1313 adama barabar boldy. Bu, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esseden hem köpdür.

Türkmenistanda “Green Card” lotereýasyna gyzyklanma bildirýänleriň göz-görtele artandygy barada Azatlygyň habarçylary awgust aýynda hem maglumat beripdiler.

Habarçylarymyz şonda olaryň arasynda diňe işsizlikden kösenýän raýatlaryň däl, eýse döwlet edara-kärhanalarynda işleýän ýokary derejeli hünärmenleriň hem bardygyny aýdypdylar.

Türkmenistanlylaryň ençemesi bolsa, özleriniň lotereýa gyzyklanma bildirmegine ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar bilen bir hatarda, häkimiýetleriň syýasy, ykdysady we sosial basyşlarynyň barha artmagynyň sebäp bolýandygyny gürrüň beripdi.

Türkmenistanda indi alty ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp raýat gazanç we ýaşamak üçin başga ýurtlara gitmäge çalyşýar. Türkiýe, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri bu ýurtlaryň başynda gelýär.

Ýöne soňky bir ýylyň dowamynda türkmenleriň Türkiýede gazanç mümkinçiligi hem ýiti çäklendirildi. Muňa Türkiýäniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň talaby esasynda bu ýurda barýan türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizmegi we şu ýylyň tomsundan bäri bu ýurtda bikanun migrantlara garşy geçirilýän reýdleriň çäginde türkmen migrantlarynyň köpçülikleýin, zor bilen deportasiýa edilmeginiň ýygjamlaşmagy sebäp boldy. Bu ýagdaý, Russiýa Federasiýasyna işlemäge gidýän ýa-da gitjek bolýan raýatlaryň köpelmegine getirdi.

“Adamlar Russiýa gitmek üçin uly çykdajy edýärler, prosentine pul karz alýarlar” diýip, habarçymyz oktýabryň başynda gürrüň berdi.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklary we giň ýaýran işsizligi resmi dereje boýun almaýan türkmen häkimiýetleri Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen ýa-da ýurtda ýaşamaga ygtyýarnama alan daşary ýurtlularyň sany baradaky maglumatlary wagtal-wagtal yglan edýärler. Ýöne olar daşary ýurtlara işlemäge ýa hemişelik ýaşamaga gidýän türkmen raýatlarynyň sany we olaryň näme sebäpden bu netijä gelýändigi hakda mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве будет увеличен объем высокотехнологичной медицинской помощи





Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о доступности популярных туристических объектов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин поздравил жителей Москвы и ветеранов с Днем Победы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Концерт ко Дню Победы проведут в Культурном центре «Интеграция» на Лазо




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге про финал Всероссийской олимпиады школьников

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Воробьев назвал ветеранов ВОВ людьми мужества и стойкости



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России