Bütindünýä saglyk guramasy Gaza üçin ýük ulgalarynyň taýýardygyny aýdýar
Bütindünýä saglyk guramasy Gazanyň we Müsüriň serhedinde medisina enjamlary ýüklenen bäş sany ýük maşynynyň taýýardygyny aýtdy we Ysraýylyň Palestina territoriýasyna iberilýän kömekleriň öňüni baglamajakdygyny aýtmagyny gutlady.
"Biziň ýük awtoulaglarymyzyň ýüki ýüklendi we olar ugramaga taýýar" diýip, Bütindünýä saglyk guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreyesus metbugat ýygnagynda aýtdy.
Ol üpjünçilik ýükleriniň Rafah geçelgesi açylan badyna, “belki-de ertir [20-nji oktýabr] gerekli ýerine eltiljekdigine" umyt edýändigini aýtdy.
Bu kömek Ysraýyl Gaza zolagyna "doly gabaw" girizjekdigini aýdanyndan soň iberilýän ilkinji kömek bolar.