Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Russiýanyň kazyýeti AÝ/AR-nyň žurnalistiniň tussaglyk möhletini 23-nji oktýabra çenli uzaltdy

0
Russiýanyň kazyýeti AÝ/AR-nyň žurnalistiniň tussaglyk möhletini 23-nji oktýabra çenli uzaltdy

Russiýanyň kazyýeti prokurorlaryň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň tussaglyk möhletini uzaltmak baradaky talabyny kabul etdi. Kurmaşewa Russiýa gireninden soň daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmazlykda aýyplanyp, şu hepdäniň başynda polisiýa tarapyndan tussag edilipdi.

Kazanyň Sowetskiý etrap sudunyň metbugat gullugy Kurmaşewanyň tussaglyk möhletiniň 72 sagada çenli uzaldylandygyny aýtdy. Bu, onuň tussaglykda saklanmagynyň Moskwa wagty bilen 23-nji oktýabrda günortan 1-e çenli dowam etjekdigini aňladýar.

Kazyýet diňlenişigi wagtynda gara penjek we COVID pandemiýasy döwründäki ýaly ak reňkdäki dem alyş maskasyny geýen Kurmaşewa aýnadan edilen gutuda oturdy we elini galgady.

ABŞ-nyň we Russiýanyň goşa raýatlygyna eýe bolan, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başkyr gullugynda işleýän we Pragada ýaşaýan žurnalist Kurmaşewa maý aýynda, maşgaladaky adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Russiýa gitdi.

Ol 2-nji iýunda, yzyna uçmak üçin Kazan howa menzilinde uçaryna garaşýan wagtynda wagtlaýyn saklanyp, elindäki ABŞ we rus pasportlary konfiskasiýa edildi. Şondan bäri ol pasportlarynyň yzyna berilmegine garaşýardy we Russiýadan çykyp bilmeýärdi.

Ýerli habar beriş serişdeleri özleriniň gören sud resminamalaryna esaslanyp, 11-nji oktýabrda häkimiýetleriň Kurmaşewa özüniň ABŞ pasportyny rus häkimiýetlerinde bellige aldyrmandygy üçin 10 müň rubl ($103) jerime salandygyny habar berdiler.

Kurmaşewa 18-nji oktýabrda gaýtadan tussag edildi we daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmazlykda aýyplandy. Bu aýyplama esasynda oňa bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

Derňew komiteti Kurmaşewanyň "Russiýa Federasiýasynyň kanunçylygynda kesgitlenen daşary ýurt agentleriniň sanawyna girizilmegi üçin zerur resminamalary ygtyýarly organa tabşyrmak borjuny” ýerine ýetirmezlikde güman edilýändigini mälim etdi. Ýöne bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

“Alsunyň tussag edilmegini uzaltmak karary bizi aladalandyrýar. Žurnalistika jenaýat däl. Ol derrew boşadylmaly we maşgalasynyň ýanyna gelmeli” diýip, AÝ/AR-nyň ýerine ýetiriji prezidenti Jeffrey Gedmin aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Moskwanyň ABŞ raýatlaryny yzarlamak kampaniýasyna gatnaşandygyny ret etdi. Ol Kurmaşewanyň tussag edilmegi barada goşmaça maglumat bermedi.

Kurmaşewa, "Wall Street Journal" gazetiniň habarçysy Ewan Gerşkowiç şu ýylyň mart aýynda içalyçylyk aýyplamasy bilen tussag edileninden soň, Russiýa tarapyndan tussag edilen ikinji ABŞ žurnalisti bolýar. Bu hereket, hukuk toparlarynyň we syýasatçylaryň “uruş senzurasynyň täze derejesiniň alamaty” diýip, ädimi tankyt etmegine sebäp boldy.

Russiýa 2012-nji ýyldan bäri "daşary ýurt agenti" diýlip atlandyrylýan kanunlary hökümet syýasatyny tankytlaýanlara ýarlyk dakmak we jezalandyrmak üçin ulanýar.

“Amnesty International” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Marie Struthers "Alsu Kurmaşewanyň yzarlanmagy Russiýada žurnalistikanyň we söz azatlygy hukugynyň yzygiderli basylyp ýatyrylmagynyň mysalydyr” diýdi.

BMG-niň Adam hukuklary edarasy, Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) we ABŞ-nyň Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Kurmaşewanyň derrew boşadylmagyna çagyrdy.

"Žurnalistleri goramak komiteti ABŞ-rus žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň galp jenaýat aýyplamalary bilen tussag edilmeginden çuňňur alada bildirýär we rus häkimiýetleriniň ony derrew boşatmagyna hem-de oňa bildirilýän aýyplamalaryň ählisiniň ýatyrylmagyna çagyrýar" diýip, CPJ-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Gulnoza Said aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Kurmaşewanyň tussag edilendigi baradaky habarlardan habarlydygyny, ýöne bu mesele boýunça Russiýadan resmi habar almandygyny aýtdy.

Russiýanyň “daşary ýurt agenti” kanuny, häkimiýetlere daşary ýurtlardan maliýe kömegini alýan we syýasy işler bilen meşgullanýan guramalara “daşary ýurt agentleri” diýmäge mümkinçilik berýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин фразой «ходят слухи словно мухи» прокомментировал уход замов в кабмин





Москва

5 фактов, которые необходимо знать о СЭЙН и Wimmortal и их релизе «Старик и воля».


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о развитии фармацевтической отрасли в Москве



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Балерина Анастасия Волочкова села на шпагат на Мальдивах




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В преддверии Дня Победы в Великой Отечественной войне: уроки мужества и познавательно-спортивная эстафета

Боевые приобретения. Настоящий праздник мужественности прошел в Москве

Турнир по пляжному волейболу «ЮМР ОПЕН» прошел в Краснодаре


ATP

После победы в Мадриде Рублев поднялся с 8-го на 6-е место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Game News

Five new Steam games you probably missed (May 6, 2024)



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России