Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Daşary ýurtda okuwyny tamamlap gelen 25 raýat aeroportdan dessine harby gulluga alnyp gidildi

0
Daşary ýurtda okuwyny tamamlap gelen 25 raýat aeroportdan dessine harby gulluga alnyp gidildi

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri daşary ýurtda ýokary okuwyny tamamlap gelen 25 çemesi raýaty Türkmenbaşynyň aeroportundan dessine harby gulluga alyp gitdiler. Bu barada çagalary harby gulluga alnyp gidilen raýatlaryň birnäçesiniň ena-atasy Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“5-nji oktýabrda Russiýanyň Saratow döwlet uniwersitetinde okuwyny tamamlan balkanly ýaşlaryň 25 çemesi ýurda dolandy. Olar Türkmenbaşynyň aeroportuna gelende, harby wekilligiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýanyň işgärleri olara, hamala, jenaýat eden adamlar ýaly gödek darap, olary howa menzilinden dessine harby gulluga alyp gitdiler” diýip, balkanly ene anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda harby gulluk hökmany hasaplanýar we raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri Türkmenistanyň prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda permana gol çekdi. Permana laýyklykda, oktýabr-dekabr aýlarynyň dowamynda 18-27 ýaş aralygynda bolan we harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da gulluk möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar harby gulluga çagyrylýar.

Türkmenbaşyly, akdaşly we gyýanlyly ene-atalaryň aýtmagyna görä, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri olaryň çagalaryny iýul aýynda okuwlary tamamlandan soň, dessine Türkmenistana dolanmazlykda hem dilden aýyplapdyrlar.

Ene-atalar çagalarynyň ýaşaýan ýerlerinde hasaba durmak ýaly esasy hukuklaryndan hem mahrum edilendigini, ýaşlaryň hukuklarynyň gödek bozulandygyny aýdyp, şikaýat edýärler.

“Çagalarymyz Türkmenistan tarapyndan diplomy tassyklanýan ýokary okuw jaýynda magistr we bakalawr okuwlaryny doly tamamlap, diplomlaryny eline almak üçin ýurda gelmediler. Biziň köpimiz çagalarymyzy 5 ýyl bäri görmändik. Häkimiýet wekilleri çagalarymyzy 10 minut görmäge, olaryň öýde bir salym çaý içmegine-de rugsat bermediler. Çagalarymyza beýle gödek daralmagyna hiç hili düşünmedik” diýip, balkanly başga bir ene aýtdy.

Şol bir wagtda, ene-atalar okuwyny tamamlap gelen ýaşlaryň arasynda harby gulluga alnyp gidilmeli iki raýatyň bolsa, wagtlaýyn öýlerine goýberilendigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, bu iki raýat üçin şeýle aýratynlygyň döredilmegine olaryň ýerli MHM edarasynda garyndaşlarynyň bolmagy sebäp bolupdyr.

“Biziň çagalarymyzyň hem gaçyp barýan ýeri ýokdy. Ýurtda adalat hemmä deň däl” diýip, ene belledi.

Bu waka, Türkmenistanda raýatlary harby gulluga almak çäreleriniň güýçlendirilen mahalyna gabat geldi. Şu aýyň birinji ongünlüginde Lebap welaýatyndaky habarçymyz harby gulluga çagyryş haty gowşurylan raýatlar wagtynda degişli harby bölüme barmasa, onda olaryň polisiýa tarapyndan öýlerinden alnyp gidilýändigini habar beripdi.

Bu aralykda, Balkandaky habarçymyz sebitiň harby bölümlerinde para möwsüminiň möwjeýändigini aýdýar. Onuň tassyklamagyna görä, ene-atalar çagalarynyň harby gullugyny alty aý yza süýşürmek ýa-da olary ilat arasynda “oňat” atlandyrylýan harby bölümlere düşürmek üçin onlarça müň manat para bermäge razy bolýarlar.

“Ene-atalar ýurduň Owganystan we Eýran bilen serhetleşýän serhet gornizonlaryna harby gulluga çagyrylan çagalaryny başga sebitlerdäki harby bölümlere geçirmek üçin uly möçberde para berýärler. Harby wekiller Guşgy, Serhetabat, Tagtabazar we Kerki serhet gornizonlaryna ýollanma alan ýaşlary Aşgabat, Lebap, Mary Daşoguz we Ahal harby gury ýer goşunlaryna çalşyp bermek üçin 10 müň manat para soraýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda ýurduň esasan elita gatlagyna degişli adamlaryň çagalarynyň gulluk edýän harby bölümlerinde gulluk etmek isleýän raýatlardan soralýan paranyň möçberi bolsa, 50 müň manada ýetdi. Bu Merkezi bankyň kursunda tas 14300 ABŞ dollaryna, gara bazaryň nyrhynda 2500 ABŞ dollaryna barabardyr.

“Bulara Içeri işler ministrliginiň 10-01 belgili, Aşgabatdaky Hormat garawuly batalýony, prezidentiň gorag polky, Bekrewe birikmesi ýaly harby bölümler degişlidir. Garyp hojalyklaryň çagalary köplenç serhetde watan goraýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Türkmenbaşynyň aeroportundan, Balkanyň harby bölüminden, MHM-niň ýerli edarasyndan we Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak çärelerini güýçlendirdiler. Bu çäreleriň çäginde mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň tas mekdep partasyndan, daşary ýurtlardan gelýän ýaşlaryň aeroportdan harby gulluga äkidilmegi bilen bagly ýagdaýlar her ýyl ýüze çykýar. Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bilen harby bölümleriň ofiserleri muny ýurtda esger ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин прокомментировал слухи о повышении своих замов





Москва

Концерт "Две музы"


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин рассказал, как офсетные контракты развивают фармотрасль Москвы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Шатунов

Вдова Шатунова призвала поклонников прекратить мракобесие на могиле певца




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Что произошло 8 мая в истории Якутии

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»

В 6-м туре женского «командника» в Сочи шахматная сборная Москвы разгромила краснодарок, а «Сима-ленд» справилась с Татарстаном


Андрей Рублёв

Рублев не отстал от «Реала»! Как русская звезда тенниса покорила Мадрид



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Интернет

83% студентов Института iSpring получили гранты на обучение



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России