Telegram Dagystan howa menzilini basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Telegram sosial-media platformasy, Dagystanyň paýtagty Mahaçkalanyň howa menziline hüjüm eden gaharly mähelle anti-semit şygarlaryna gygyranyndan birnäçe gün soň, “Utro Dagystan” kanalyny petikledi.
Bu kanal 28-nji we 29-njy oktýabrda Ysraýyldan gelýän bosgunlaryň Demirgazyk Kawkaz sebitinde, russiýaly musulmanlaryň aglaba köplüginiň mesgen tutan ýerlerinde ýerleşdiriljekdigi barada birnäçe habary we howa menzilini basyp almak baradaky çagyryşlary çap etdi.
29-njy oktýabr gijesi 1000-den gowrak adam, Ysraýyldan uçup gelýän ýolagçylaryň şähere girmeginiň öňüni almak üçin, howa menziline toplandy. Bu waka netijesinde 20-den gowrak adam ýaralandy we onlarça adam tussag edildi.
Tel Awiwden gelen uçarda Ysraýylyň raýatlarynyň bolandygy ýa-da bolmandygy, ýaralananlaryň arasynda ýolagçylaryň bardygy ýa-da ýokdugy entek belli däl.
Russiýanyň “Nowosti” habar gullugy 30-njy oktýabrda howa menzilindäki bidüzgünçilige gatnaşan adamlaryň 60-dan gowragynyň tussag edilendigini habar berdi.