Gyrgyzystanda ymamlara 8 müň som aýlyk tölener
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow bu täzeligi Bişkekde geçirilen III Halk gurultaýynda yglan etdi.
Ol 22-nji dekabrda “Kabar” döwlet habar gullugy bilen geçirilen söhbetdeşlikde bu meseläni düşündirip, 2025-nji ýylyň aýagyna çenli metjitlerde ruhanylara berilýän haklary 20 müň soma (tas 230 dollar) köpeltmegiň meýilleşdirilendigini tassyk etdi.
Onuň sözlerine görä, bu serişdeler respublikanyň býujetinden alynmaz, sebäbi Gyrgyzystan dünýewi döwlet we döwlet edaralary dine, "din wekilleri syýasata goşulmaýar".