Eýran BAE-niň wekiliniň Trampyň iberen hatyny Hameneýine gowşurandygyny aýdýar
Eýran Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli wekiliniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň iberen hatyny yslam respublikasynyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýine gowşurandygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bakaei 12-nji martda ýarym resmi ISNA habar gullugyna beren maglumatynda bu haty Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Anwar Gargaşyň gowşurandygyny mälim etdi.
Tramp geçen hepde Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýe hat ýazandygyny we oňa Tähranyň giňeýän ýadro programmasy barada gepleşikleri geçirmegi teklip edendigini aýtdy.
“Biz olaryň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna ýol berip bilmeris” diýip, Tramp “ýakyn wagtda bir zadyň boljakdygyny” hem belledi.
Hameneýi Tramp administrasiýasy bilen göni gepleşiklere garşylyk görkezip, Trampyň geçen hepde eden çykyşyndan soň, Tähranyň “basyş görkezýän we gorkuzýan hökümetler” bilen gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.