Pakistanyň otlusynda zamun alnan 100-den gowrak adamyň ykbaly näbelliliginde galýar
Pakistanyň harby çeşmeleri ýurduň günorta-günbatarynda 400-den gowrak adamy alyp barýan ýolagçy otlusyny ogurlan söweşijileriň “zyýansyzlandyrandygyny” aýdýarlar. Emma garaşsyz tassyklamanyň ýoklugy we söweşijileriň garşylykly beýannamalary sebäpli şübheler dowam edýär.
Harby çeşmeler 12-nji martda Azatlyk Radiosynyň Maşaal radiosyna beren maglumatynda Bolan etrabynda alnyp gaçylan otluda we töwereginde azyndan 32 söweşijiniň öldürendigini aýtdylar. Bu etrap Bulujystan welaýatynyň paýtagty Kwetta şäherinden 160 km uzaklykda ýerleşýär.
Çeşmeler söweşde 18 esgeriň öldürilendigini habar berdiler.
Emma 11-nji martda “Jaffar Express” otlusynyň ogurlanmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne alan separatist gurama Bulujystan azat ediş armiýasy (BLA) öz söweşijileriniň henizem söweşýändigini we 100-den gowrak adamy zamun alandygyny aýtdy.
Bulujystan azat ediş armiýasy söweşijileriniň zamun alnan başga-da 50-den gowrak adamy öldürendigini hem belledi.
Öz bortunda 400-den gowrak ýolagçyny alyp barýan “Jaffar Express” otlusy demirýoly partladan söweşijiler tarapyndan saklananda, ýurduň demirgazyk-günbatar Haýber Pahtunhwa welaýatynyň Kwetta şäherinden Peşawara tarap barýardy.