Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2025
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11
12
13 14 15 16 17 18
19
20 21 22 23 24 25
26
27
28 29 30

Býujet işgärleri Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çärelere tomaşaçy hökmünde çekildi

0

Türkmenistanda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramçylygy dabara bilen bellenýän mahaly, býujet işgärleri baýramçylyk çärelerine mejbury çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinden maglumat berýär.

“27-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna býujet işgärleri, erkekler we aýallar, ýaşlar we uly ýaşly adamlar mejbury çekildi” diýip, dabaralara gatnaşan býujet işgäri aýdýar.

“Adamlar gaty ýadawdy, olaryň ýüzünde şatlyk alamatlaryny görüp bolmaýardy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramçylygy bu ýyl Türkmenistanda 27-nji aprele gabat geldi. Bu möhüm sene Türkmenistanda her ýyl häkimiýetler tarapyndan uly dabara bilen bellenip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli at çapyşyklary geçirilýär, atşynaslar hormatly atlar, döwlet synaglary bilen sylaglanýar. Ýöne Türkmenistanda şeýle çäreler köplenç býujet işgärleri üçin mejbury çäreler hökmünde ýatda galýar.

Şeýle däpler şu ýyl hem gaýtalandy. Adamlar Köpetdagyň eteginde, Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen at ýaryşlaryna mejbury tomaşaçy hökmünde çekildi.

“Çärä çekilen adamlar irden sagat 4-lerde Arkadag şäheriniň deňinde awtobuslardan düşürilip gidildi. Olar atçylyk toplumyna barýançalar üç kilometr çemesi ýoly pyýada geçmeli boldular” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

Halkara ahalteke atçylyk toplumy günorta welaýatyň sebit merkeziniň golaýynda ýerleşýär. Hususan-da, saglyk şikaýatlary bolan adamlar, aýagynda, dyzynda ýa-da bilinde agry duýýan adamlar at ýaryşlaryna mejbury tomaşaçy bolmagyň özlerine “gymmada düşendigini” aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy baýramçylyk dabarasyna çekilen adamlaryň atçylyk toplumynda tomaşaçy hökmünde 10 sagatdan gowrak saklanandygyny habar berýär.

Türkmenistanda mejbury çäreler möhüm senelere, iri baýramçylyklara kölege salýar. Býujet işgärleri, talyplar we beýlekiler elmydama şeýle dabaralara mejbury çekilýärler.

Ýerli synçylar şeýle dabaralarda halk bilen häkimiýetleriň arasynda ysnyşygyň göze ilmeýändigini, dabaralara mejbury çekilýän adamlaryň ýüzünde köplenç şatlyk alamatlarynyň bolmaýandygyny aýdýarlar.

Muňa garamazdan, döwlet telewideniýesinde şatlanýan “bagtyýar adamlar” görkezilýär. Dabaralarda şowhunly el çarpyşmalar, döwlet ýolbaşçylaryna aýdylýan alkyş sesleri belentden ýaňlandyrylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri şeýle çäreleriň ýasama bolýandygyny we hakykatda adamlaryň mejbury çärelerde açlykdan, suwsuzlykdan ýa-da ýadawlykdan ejir çekýändiklerini aýdýarlar.

“Döwlet media serişdeleri şeýle çärelere adamlaryň meýletin gatnaşýandygyny öňe sürýär, ýöne bu beýle däl” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

"Milli buýsanç"Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýar. Döwlet nyşanlarynda ahalteke bedewiniň keşbi şöhlelendirilýär. Türkmen bedewlerine bagyşlanyp aýdym-sazlar, sungat eserleri döredilýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi bilen tanalýar. Munuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde möhüm köçeleriň birine Gurbanguly Berdimuhamedowyň Akhan atly atynyň ady dakyldy.

Media maglumatlarynda Arkadag şäheriniň golaýynda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk toplumynda atlar üçin amatly şertleriň döredilendigi mahabatlandyrylýar.

Ýöne bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralara mejbury çekilýän býujet işgärleri özleriniň şeýle çärelerden ýadandyklaryny aýdýarlar.

Bu aralykda, döwlet metbugatyna görä, atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

“Behişdi bedewler ähli döwürlerde-de halkymyzyň wepaly dosty, hemrasy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolup gelipdi we şeýle bolmagynda-da galýar” diýip, döwlet metbugaty aýdýar.

Azatlyk Radiosy býujet işgärleriniň mejbury çärelere çekilmegi barada ýerli resmilerden goşmaça maglumat alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России