Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

ÝOJ-lara 'para kabul ediş möwsümi' tamamlandy, paranyň möçberleri bu ýyl '15-25 % çemesi azaldy'

0

Şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna dalaş etjek raýatlaryň sanynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, az bolmagyna garaşylýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda ‘para kabul ediş möwsüminiň’ tamamlanandygyny aýdýarlar.

“Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende paranyň möçberleri 15-25 göterim, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik ýyllary bilen deňeşdirilende tas 35 göterim azaldy” diýip, çeşmeler aýdýar.

Öňler eýýäm ýylyň başlarynda şol ýyl ýokary okuw jaýlaryna para kabul ediş möwsümi tamamlanýan ekeni, ýöne bu ýyl ýerli ýokary okuw jaýlaryna dalaş etjek raýatlaryň sanynyň az bolmagyna garaşylyp, para möwsüminiň möhleti maý aýyna çenli uzaldylypdyr.

“Ýokary okuw jaýlaryna para bilen kabul edilmeli raýatlaryň sanawy maý aýynda hem dolmady, şonuň üçin, bu ýyl möhlet uzaldyldy. Ýaşlarda ýokary bilim almaga, ylaýta-da Türkmenistanyň öz içindäki okuw jaýlarynda ýokary bilim almaga höwes galmady” diýip, Myrat Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bir mugallymy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň çeşmeleri ýurduň dürli ýokary okuw jaýlarynda raýatlardan soralýan paranyň möçberleri barada maglumat topladylar.

Paranyň möçberleriŞeýle sanlara görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik ýyllarynda lukmançylyk uniwersitetine girmegiň bahasy 40 müň dollar bolan bolsa, üstümizdäki okuw ýylynda bu okuw jaýynyň bahasy 15 müň dollara çenli peselipdir.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit-gaz uniwersitetine okuwa kabul edilmegiň bahasy 180 müň – 220 müň manat (gara bazar boýunça takmynan 10-11 müň dollar) aralygynda üýtgeýär diýip, çeşmeler aýdýar.

Geçen ýylyň para möwsüminde bu okuw jaýynyň bahasy 250-300 müň manat aralygynda bolan ekeni.

Maglumata görä, ýokary okuw jaýlarynyň arasynda iň arzany S. A. Nyýazow adyndaky Oba-hojalyk uniwersiteti bolup, munuň üçin soralýan paranyň möçberi 100 müň manat (takmynan 5 müň dollar) töwereklerinde üýtgeýär.

Çeşmeler Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika-matematika kafedrasyna okuwa kabul edilmegiň bahasynyň 180 müň manat (gara bazar boýunça takmynan 9-9.5 müň dollar) bolandygyny aýdýarlar.

Bu ýokary okuw jaýynyň Hukuk fakultetine okuwa girmegiň bahasy 50 müň – 100 müň dollar aralygynda bahalanýar. Bu baha täze pul bilen 1 million – 2 million manada barabar bolýar.

Şeýlelikde, ýurduň iň gymmat ýokary okuw jaýy we hünäri Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakulteti, iň arzan ýokary okuw jaýy bolsa, S. A Nyýazow adyndaky Oba-hojalyk uniwersiteti bolup durýar.

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmekde para düzgüni ýyllarboýy saklanyp galýar. Pul bilen ýokary okuwa kabul edilen raýatlaryň özleri soňy bilen şeýle düzgüniň saklanyp galmagyna goşant goşmakda güman edilýärler. Halk arasynda giňden mälim bolşy ýaly, ýokary okuw jaýlaryny para bilen tamamlan adamlar, ýene-de para bilen işe ýerleşmekde, para bilen işde öňe saýlanmakda tanalýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri häzirki wagtda raýatlaryň arasynda şeýle ýagdaýlar boýunça habarlylygyň barha artýandygyny, adamlaryň, oňarsalar, daşary ýurt döwletlerine çykmaga ýykgyn edýändiklerini aýdýarlar.

“Işli adamlar hem iş şertleri bilen bagly kynçylyklar, çäreler sebäpli oňarsalar Türkmenistandan gidip başladylar. Adamlar bu ýurtda okap, gazan gaýnatmagyň kyn bolandygyny aýdýarlar” diýip, lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy aýdýar.

‘Prezidentiň portretiniň öňünden seresap bolup geçmeli’Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okamagyň hem özboluşly düzgünleri bar, talyplar köpçülik çärelerine çekilýär, galyberse-de uniformalara meňzeş egin-eşik düzgünlerine sezewar edilýärler.

Şeýle-de, ýerli ýokary okuw jaýlarynda “terbiýeçilik düzgünleri” hem berk bolup, talyplaryň artykmaç hasaplanýan hereketleri bilim resmileri tarapyndan jezalandyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri şeýle hadysalaryň hatarynda geçen ýyl Magtymguly uniwersitetiniň Hukuk fakultetinde bolup geçen bir hadysa barada gürrüň berýär:

“Hukuk fakultetiniň bäş sany talyby prezidentiň portretiniň öňünde tahýalaryny ellerinde pyrlap, oýun etjek bolupdyrlar. Olar özleriniň bu hereketleri üçin, okuwda kowuldylar. Awtokrat ýurduň döwlet baştutanynyň portretiniň öňünden seresap bolup geçmeli” diýip, çeşmeler aýdýar.

“Bu, talyplardan edilýän iň möhüm talap bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosy ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmekde para soralmagy we olaryň möçberleri barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России