Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

El güýjüniň 'ýiti ýetmezçiligi' kärendeçileri umytdan gaçyrýar

0

Oba hojalygyndaky iş, töleg şertleri, çözülmedik meseleler, ýerine ýetirilmedik wadalar sebäpli, möwsümleýin işler üçin zerur bolan el güýjüniň ýetmezçiligi ýyl-ýyldan güýçlenýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär. balkandaky habarçymyz golaýda býujet edaralarynyň işgärleriniň tölegsiz ýekeleme, otag işlerine çekilendigini habar beren bolsa, Marydaky habarçymyz Ýolöten etrabyndaky potratçy daýhanlaryň gowaça meýdanlary üçin otagçy tapmakda uly kynçylyk çekýändiklerini habar berýär. Bu ýagdaý ýurtda maşgalasyny ekläp bilmän, daşary ýurtlara gidýän we yzyna gelmek islemeýän adamlaryň barha köpelmegi bilen düşündirilýär.

“Häzir potratymyzy otatmak üçin işçi, daýhan gözleýäris, ýöne häzirlikçe tapyp bilmeýäris. Geçen ýyl potratymyzy otap, ýekeleme işlerine kömekleşen adamlaryň aglaba köp bölegi daşary ýurtlara, Türkiýa, Russiýa işlemäge gidipdir, galanlary yssy howada, günüň aşagynda işlemäge ýaranok” diýip, ýolötenli kärendeçi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, öňki işçileriň birnäçesi “bize yssy howada, günüň aşagynda işlemek bolanok, onkologiýa keseline duçar bolduk” diýip, işe çykmazlygynyň sebäbini düşündiripdir.

“Ýöne, şeýle kesele uçran zenanlaryň birnäçesi, ‘bize derman-däri üçin pul gerek, howa gyzmanka, irden, salkynda we öýlän işlesek bolmazmy?’ diýip sorady. ‘Biziň berjek günlük 40 manadymyz derman-därä ýetmez’ diýsek, ‘çagalarymyň garny dok bolsa, şol meniň dermanym, öýde iýmäge azyk ýok, men janymy aýaman işlejek’ diýip gelen iki sany zenan hem boldy” diýip, kärendeçi gürrüň berdi.

Emma, işçi gözleýän kärendeçiniň aýtmagyna görä, potrat meýdanlary uly, iki, üç sany zenan uzakly gün işlände hem, 1, 2 gektar ýeri haçan otap gutarjagy belli däl.

“Meniň potradym 7 gektar, her ýyl otadyp, hatda gyrasyndaky haşal otlara çenli ýygdyrýardym. Emma bu ýyl otagçy gaty ýetmezçilik edýär. Beýle ýagdaý dowam etse, basym, gaty ýakyn wagtda biziň döwletimizi terk edip, daşary ýurtlara gitjek has köpeler. Obalarda daýhançylyk etjek adamlar, çopanlar tapdyrmaz” diýip, işçi ýetmezçiliginiň ýitileşýändigini başga bir kärendeçi hem tassyk etdi.

Onuň pikiriçe, halka ýeterlik pul berlenliginde, hiç kim daşary ýurda eklenç etmäge gitmezdi.

"Ýeterlik pul berilse, adamlar daşary ýurtlara gitmezdi"“...daýhanlaryň gadyry bolmansoň, pul az berlip, hatda bokurdagyna ýetmänsoň, daşary ýurda çykýanlaryň sany günsaýyn artýar. Köp daýhany kesel aldy. Adamlaryň onkologiýa we beýleki näsaglyklar, adaty dümew üçin hem hassahana baryp, bejergi almaga pullary bolmaýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen daýhan aýtdy.

Onuň pikiriçe, dermanhanadan tabletka satyn alyp bilmeýän adamlar daşary ýurtlara gidip, Türkmenistanda edýän işiniň dörtden birini edende hem 6-7 esse köp hak alýandygyny aýdansoň, “bärde adam galmady, aglaba aýal maşgalalar, eklenç maksady bilen, ýurdy terk etmäge başlady”.

Kärendeçiler diňe gowaça meýdanlarynda däl, bugdaý ekilen ýerlerde hem el güýjüniň ýetmeýändigini, haşal otuň bugdaýdan kändigini gürrüň berdiler.

“...ýakyn günlerde bugdaý meýdanlarymyz oruma gelýär, emma plan dolarys öýdemok, sebäbi haşal ot kän” diýip, bugdaý eken kärendeçi aýtdy.

Şu aralykda, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen birnäçe döwlet gullukçysynyň tassyklamagyna görä, Ýolöten etrabynyň döwlet edaralarynda, ‘gowaça meýdanlaryny otamak üçin’ diýip, on gün bäri 40 manatdan pul ýygnalýar. Ýöne kärendeçiler bu çäräniň potratçylara hiç bir peýdasynyň ýokdugyny, “halky talamak üçin edilýändigini” öňe sürýärler.

Deňsizlik daýhanlary 'umytdan gaçyrýar'Şol bir wagtda, goragsyz, garyp daýhanlaryň potratlary prokuratura işgärleri tarapyndan barlanýar, näçe gektar gowaça, näçe gektar bugdaý ekilendigi anyklanýar, ekin gyralaryna kädi, garpyz ekmäge rugsat bermeýärler diýip, potratçylar öňden gelýän deňsizligiň dowam edýändigini aýdýarlar.

Birnäçe potratçynyň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, häkimlik işgärleriniň potrat ýerine mekgejöwen, ýorunja, arpa, dary we beýleki ekinler ekilýär, gowaça ekilmeli 10 gektar ýeriň 5 gektaryna gowaça, galan 5 gektaryna başga zat ekselerem, olara zat diýilmeýär. “...ýurtda deňlik, adalat bolmasa, daýhançylyk kärimi taşlap, daşary ýurtlara gitmek hyýalymyň gün-günden artýandygyny aýtmak isleýärin” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri oba hojalygynda dörän ýagdaýlar boýunça resmi düşündiriş bermeýärler, daýhanlaryň garaşsyz metbugatyň üsti bilen eşitdirmek isleýän arzlaryny eşitmezlige salýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России