Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

Kakada saklanan adam tussaglykda öldi

0

Türkmenistanyň polisiýasy 18-nji martda, maşgala dawasyndan soň, 65 ýaşly Muhammetnury tussag etdi. Polisiýa işgärleri birnäçe sagatdan soň onuň jesedini maşgalasyna gowşurdylar. Garyndaşlary Muhammetnuryň hatda polisiýa bölümine hem diri getirilmändigini, ony öýünden uzak bolmadyk ýerde ölýänçe urandyklaryny aýdýarlar.

Merhumyň Türkiýede ýaşaýan gyzy Eje bu waka barada syýasy aktiwist, blogçy Nurmuhammet Annaýewiň YouTube kanalynda jikme-jik gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, polisiýa bigünä adamy urup, onuň pajygaly ölümine sebäp bolupdyr we munuň üçin hiç hili jogapkärçilige çekilmändir.

Sülçi tussagyň 'ajalynyň ýetendigini' aýtdyEjäniň tassyklamagyna görä, dirilik alamatlaryny görkezmegini keseninden soň, howpsuzlyk güýçleri ony halas etmek ýa-da hassahana äkitmek üçin hiç hili synanyşyk etmändir.

Kazyýet işini alyp barýan sülçi bolsa, öz gezeginde, onuň urulmakdan ölendigini inkär edýär we merhumyň "ölüm sagadynyň gelendigini", ýagny öz ajalynyň ýetendigini öňe sürýär.

Eje özleriniň dürli ýerlere arz edendigini, emma arzlaryny diňledip bilmändiklerini aýdýar.

“Biz Türkmenistanyň prezidentine şikaýat arzasy bilen ýüz tutduk, ýöne prokuraturanyň sülçüsi ähli garyndaşlarymyzy çagyryp, arzamyzy wideo ýazgyda yzyna almagy talap etdi” diýip, Eje aýtdy.

Derňewçi merhumyň bedeninde urulmakdan galan yzlaryň bardygyny, ýöne ol urgularyň ölüme sebäp bolmandygyny, görnüşinden, onuň ajalynyň ýetendigini öňe sürýär.

Merhumyň gyzy, uzak wagtlap Türkiýede ýaşaýan Eje kakasynyň kanuny bozmandygyny, maşgalanyň aladasyny edýän we başgalara ýardam berýän adam bolandygyny gürrüň berdi.

Är-aýalyň arasyndaky dawa olaryň ýaşaýan ýerlerinden başga ýere göçmekleri baradaky pikir üstünde döräp, tassyklanylmagyna görä, hiç hili el göterme ýagdaýyna geçmändir.

Polisiýa maşgala dawasyny 'öz usulynda' çözdiMehammetnuryň aýaly polisiýany "adamsyny köşeşdirmekleri” üçin çagyrandygyny, ony 'öldüriň' diýip çagyrmandygyny aýdýar.

Maşgala bu ölümiň sebäbini kesgitlemäge kömek etjek wideo ýazgynyň bardygyna ynanýar, ýöne polisiýa ony görkezmekden boýun gaçyrýar.

Aýdylmagyna görä, Muhammetnuryň ogly 6-njy maýda eline palta alyp, polisiýa bölümine barýar we: “Siz meniň kakamy öldürdiňiz, indi meni hem öldüriň” diýýär. Onuň paltasyny alyp galýarlar.

Polisiýa işgärleri jezalandyrylmady; muňa derek olary başga bir bölüme, etrap merkezinden oba ýerine geçirdiler.

Bu iş boýunça, beýleki onlarça işde bolşy ýaly, hakykatda hiç hili derňewiň geçirilmändigi aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России