Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

ÝB Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 5.5 million ýewro maliýe kömegini makullady

0

Ýewropa Bileleşigi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy mediakorporasiýasyna gyssagly kömek hökmünde 5.5 million ýewro möçberinde maliýe goldawyny bölüp bermek barada ylalaşdy. Bu barada 20-nji maýda ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Kaýa Kallas mälim etdi.

Kallasyň sözlerine görä, ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Azatlyk Radiosynyň möhüm işine goldaw bermek maksady bilen bu maliýe bukjasyny makullady. “Gysga möhletleýin gyssagly maliýeleşdiriş garaşsyz žurnalistika üçin kepillikdir” diýip, Associated Press onuň sözlerini sitirledi.

Kallas ÝB-niň mediakorporasiýanyň žurnalistiki işlerini doly maliýeleşdirip bilmejekdigini aýtdy, ýöne “daşarky maglumatlara bil baglaýan goňşy ýurtlarda iş alyp barmagy we işlemegi üçin” kömek edip biljekdigini belledi. Şeýle hem, Ýewropa diplomatiýasynyň ýolbaşçysy 27 agza ýurduň uzak möhletleýin goldaw bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny maliýeleşdirmegine umyt bildirdi.

“Ýewropa Bileleşiginiň beren gyssagly kömegi üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bu goldaw guramamyzyň aýakda saklanyp bilmegi üçin örän möhümdir” diýip, 20-nji maýda giçlik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus bu karar barada beýanat bilen çykyş etdi.

"Kaýa Kallasyň, Çehiýanyň daşary işler ministri Ýan Lipawskiniň we beýleki syýasatçylaryň edýän tagallalarynyň netijesinde biz öz žurnalistiki işimizi dowam etdirip bileris. Şol bir wagtda, biz Kongres tarapyndan bize eýýäm bölünip berlen serişdeleriň ABŞ-da bize geçirilmegi ugrunda tagalla ederis. Bu serişdeler biziň ygtyýarymyza geçýänçä, AÝ/AR-y howp astynda bolmagyna galýar" diýip, Kapus belledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy mediakorporasiýasynyň Amerikanyň Global Media Agentligi (USAGM) bilen, ABŞ Kongresi tarapyndan 2025-nji maliýe ýyly üçin makullanan býujetiň goýberilmegi boýunça kazyýetdäki işi dowam edýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России