Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

Hukuk toparlary Türkmenistanda mejbury çärelere garşy kampaniýa alyp barmaga çagyrylýar - raýatlar

0

Türkmenistanda häkimiýetler 1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni, hem-de 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülik çärelerini geçirmäge taýýarlyk görüp, býujet işgärlerini bu çärelere mejbury çekmäge başlady diýip, raýatlar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bu sebitde jemgyýetçilik çärelerine görülýän taýýarlyklar barada maglumat toplady.

“Welosiped güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleriniň çäginde, şu günler Balkanabat şäherinde ýollardaky çyzyklar gaýtadan çyzylyp, ýollaryň gyralaryna güller oturdylýar. Şäherde müňlerçe býujet işgäri ýollaryň arassaçylyk işlerine çekilýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebit merkezinde mejbury arassaçylyk işlerine çekilýän býujet işgärleriniň ençemesiniň sözlerini getirýär.

Şular ýaly taýýarlyk işlerine Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hem badalga berildi, bu sebitde hem býujet işgärleri mejbury çärelere çekilýär diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Çärelerden ýadawlykTürkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar we beýlekiler döwlet guramaçylygynda geçirilýän çärelere mejbury çekilýärler. Olar şeýle çärelerden özleriniň “halys ýadandyklaryny” aýdýarlar.

“Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistanda pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyna garşy pagta kampaniýasyny geçirip gelýärler. Olar hökümet guramaçylygyndaky jemgyýetçilik çärelerine raýatlaryň mejbury çekilmegine garşy hem, pagta kampaniýasy ýaly, kampaniýa guramalaşdyrsalar gowy bolardy” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

Olar golaýlap gelýän welosiped güni mynasybetli geçiriljek tigirli ýörişlere özleriniň sport lybaslaryny we welosipedleri satyn almaga mejbury edilýändiklerini, çäreleriň geçiriljek ýerlerini arassalamak işlerine-de özleriniň mejbury çekilýändiklerini aýdýarlar.

“Şeýle çäreleriň dowamynda kellesinden Gün geçip, hassahanalara ýerleşdirilýän adamlar bolýar” diýip, balkanabatly bir býujet işgäri aýdýar.

Ýatlasak, geçen ýylyň iýun aýynda Mary welaýatynda geçirilen tigirli ýörişlerde burny ganap, huşuny ýitiren adamlar boldy. Şonda näsag adamlar medisina işgärleri tarapyndan huşuna getirilip, tigirli ýörişlere dowam etmäge mejbur edildi.

“Bize haýaljak sürüp, [ýörişiň dowamynda] dem-dynç almaga rugsat berdiler” diýip, şonda saglyk problemalaryny başdan geçiren býujet işgäri gürrüň beripdi.

Şu günler ýene-de şeýle çärelere taýýarlyk görülýän mahaly, Günbatar sebitde tigir ýörişlerine çekilýän adamlar öz hukuklarynyň ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan goralmagyna, özleriniň şeýle çärelere mejbury çekilmezligi boýunça halkara kampaniýalaryň guramalaşdyrylmagyna çagyryş edýärler.

'Mejbury çäreler ýazgarylmaly' - raýatlar“Ynsan hukuklaryny goraýjylar çagalaryň hem-de býujet işgärleriniň jemgyýetçilik çärelerine mejbury çekilmegini ýazgarmaly” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar şeýle çärelerde gatnaşyjylaryň saglyk problemalaryna sezewar bolmagynyň häkimiýetler tarapyndan oňlanmaýandygyny aýdýarlar.

“Talyplar çäre wagtynda huşuny ýitirse, olar raýat eşikli howpsuzlyk işgärleri tarapyndan soraga çekilýärler we dürli haýbatlara sezewar edilýärler” diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri maý aýynyň başlarynda Balkan welaýatynda açylyp ulanylmaga berlen täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda orta hünär okuw mekdepleriniň azyndan bäş talybynyň mejbury köpçülik çäresinde huşuny ýitirendigini habar berdiler.

Şonda bu talyplaryň dabaranyň edil yz ýany ‘öz arzalary boýunça’ okuwlaryndan çykarylandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Türkmenistan ýylda iki gezek, aprel aýynda bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk gününde hem-de iýunyň başlarynda bellenip geçilýän Bütindünýä welosiped gününde hökümet guramaçylygynda köpçülikleýin tigir ýörişlerini geçirýär we şeýle çärelere raýatlary mejbury çekýär.

Dünýäde dowam edýän daşky gurşaw aladalarynyň arasynda tigirden peýdalanylmagy höweslendirilýän-de bolsa, türkmenistanly raýatlar özleriniň köpçülikleýin tigir ýörişlerine mejbury çekilmeklerine garşylyk beýan edýärler.

“Türkmenistanda şeýle mejbury çärelere ünsi çekmegiň wagty bireýýäm gelip, geçip barýar” diýip, býujet işgäri aýdýar.

“Bu tejribeler bes edilmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России