Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

Işçileriň ýarysy işini ýitirdi, Jebeldäki kärhananyň 'geljegi näbelli'

0

Azatlygyň habarçysy "Balkan" sement zawodynyň Jebeldäki kärhanasynyň işçileriniň ýarysyndan gowragynyň işlerinden boşadylandygyny habar berýär. Zawodda işleýän hünärmen, anonimlik şertinde gürleşip, bu ýagdaýyň kärhanada geçirilýän abatlaýyş, bejeriş işleri bilen baglydygyny, ýagny işçileriň işlerini ýitirmeginiň wagtlaýyn, ýakyn geljekde çözülip biljek meseledigini öňe sürdi. Ýöne bu çäreleriň näçe wagt aljakdygy, işçileriň haçan yzlaryna dolanyp geljekdigi belli däl.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň tozmagy, ençeme aý aýlyksyz işlän işçileriň ahyrynda köpçülikleýin işden boşadylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýaşyryn saklanýar.

“Häzirlikçe, abatlaýyş işleri geçirilýänçä, zawodyň diňe 30-35 % güýjünde işlejekdigi belli” diýip, çeşme jikme-jikliklere girmän aýtdy. Şol bir wagtda, işçileriň köpçülikleýin işden boşadylmagynyň anyk görnüp duran sebäbi kärhananyň maliýe ýagdaýlary, mart aýyndan bäriň berilmeýän aýlyklar bilen bagly bolup görünýär.

Kärhana idegsiz tozýar, işçiler gazançlaryny ýitirýärAzatlyk bilen gürleşen inžener zawodyň doly güýjünde işlemegini geçen sentýabrdan bäri azaldyp, 50%, 60% güýjünde harytlyk sement öndürendigini, şu ýylyň mart aýynda önümçiligiň 30%-e çenli peselendigini hem sözüne goşdy.

Aýdylmagyna görä, öndürilýän harytlyk önümler zawodyň çykdajysyny zordan ýapýar.

“Ýylda 1 million tonna sement öndürmegiň deregine, zawodda bolup bilse 300 müň tonna çemesi sement öndürilýär. Şu günki ýagdaýa görä hasaplanylsa, bolup bilse 300 müň, ýa-da has az mukdarda sement öndürilýän bolmagy hem mümkin. Sebäbi bu zawodyň işe başlanyna 15 ýyl boldy. Üweýji degirmenleriň tas ählisi, daşlary, hek daşlary aşa gyzgynlyk bilen ýarym taýýar derejesine ýetirýän uly gazan peçleri tozdy. Gaplaýjy enjamlaryň lentalaryna çenli täze almaly. Köp ýük awtoulagy hatardan çykdy” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, kärhanada ulanylýan çig malyň köp bölegi Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän känden daşalýar, ýük ulaglary dowamly bejeriş, abatlaýyş işlerine mätäç bolýar.

Işçiler aýlyklaryny soramakdan 'çekinýärler'Ýerli synçylar Türkmenistanda işçileriň öz işleýän kärhanalaryndaky ýagdaýlar, şol sanda öz aýlyklarynyň wagtynda berilmezliginiň sebäpleri barada hem ýeterlik, doly we dogry maglumat alyp bilmeýändiklerini, köp işçiniň ‘başlyklara halamaýan soraglaryny berip, olaryň gaharyny getirmekden gorkýandygyny’ aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen işçileriň biri bu kärhananyň öz işgärlerine mart aýyndan bäri aýlyk berip bilmändigini aýtdy. Onuň pikiriçe, işçileriň köpçülikleýin işden boşadylmagynyň esasy sebäbi aýlyklaryň wagtynda berlip bilinmezligi, kärhananyň geljeginiň näbelli bolmagy bilen bagly bolup durýar.

“Bize, eger-de döwlet zawody abatlamak üçin zerur bolan serişdeleri bölüp berse, zawod doly güýjünde işläp başlasa, gaýtadan işe almak wadasyny berdiler” diýip, işçi aýtdy.

Şeýle-de, ýerli hünärmenleriň birnäçesiniň aýtmagyna görä, eger döwlet serişde bölüp bermese, bir ýyl çemesi wagtdan bu sement zawodynyň “ýapylmak ähtimallygy ikuçsuz” hem bolup biler.

Azatlyk bu habarda aýdylýanlary anyklamak we işini ýitiren işçileriň gaýtadan işli bolmak mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň elektron poçtasyna hat ýazdy, ýöne hiç bir jogap alyp bilmedi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 27 kärhanasy bolup, olaryň üçüsi Balkan welaýatynda ýerleşýär. Bu kärhanalarda sement, şeben, gum, gips, gurluşyk heki ýaly soňlugy bilen senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda ulanylýan esasy gurluşyk materiallary öndürilýär.

Türkmenistanda uly dabara bilen ulanmaga berlip, ýurtda edilýän uly işleriň, döredilýän iş orunlarynyň subutnamasy hökmünde mahabatlandyrylýan, ýöne uzak wagt geçmänkä tozýan kärhanalar, işlerini, eklenç mümkinçiligini ýitirýän işçileriň sany, uly döwlet serişdesine gurlan kärhanalaryň näme sebäpden beýle kyn ýagdaýa düşendigi we geljegi barada resmi düşündiriş berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России