Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июнь
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20
21
22 23 24 25 26 27
28
29
30

Daşoguzda ýagan ýagyş adamlary 'uly zaýana goýdy', "Watan" habary ýaşyrýar

0

10-njy iýunda, öýlän sagat 2-den sagat 3-e çenli aralykda Daşoguzda güýçli ýagyş ýagdy, ekin meýdanlaryny sil basyp, ýetişip gelýän gowaçalary läbikli palçyga gardy, gysga wagt ýagan doly uly ekin zaýaçylygyna sebäp boldy diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.

Sebitden iberilen fotosuratlar Daşoguz şäheriniň köçelerinde we welaýatyň ekin meýdanlarynda çaýkanyp ýatan ýagyş suwlaryny görkezýär, ýagan ýagşyň we ýeliň ekin meýdanlaryna ýetiren zyýanlary barada dürli çaklamalar edilýär.

“Watan” habarlar programmasy9-njy iýun agşamy bu sebitde ýyldyrym çakmak we ýagyş ýagmak ähtimallygyny duýdurdy, ýöne 10-njy iýun agşamy Daşoguzda ýagan ýagyş, buz we gelen sil barda ilata hiç bir maglumat berilmedi.

Daşoguzda ýagan ýagyşdan öň Gubadag, häzirki Boldumsaz etrabynyň Gökçäge daýhan birleşigine we Sadulla Ruzmetow adyndaky fermer hojalygyna, Şabat etrabynyň demirgazyk bölegine buz ýagdy diýip, Azatlyga gelen habarda aýdylýar.

"Azyndan 1500 gektar gowaça zaýa boldy"“Buz 20-30 minutdan köp ýagmady, ýöne gül açmaga taýyn bolup oturan gowaçalaryň azyndan 1500 gektar ýerine uly zyýan ýetirdi. Güýçli ýagan, ululygy mekgejöwen dänesine deňeçer bolan buzlaryň gelip urmagy netijesinde döwüllen gowaça baldaklary ýere ýegsan boldy. Beýleki ekinlere, mekgejöwen, mäş, pomidor, gawun-garpyz ekilen meýdanlara, miweli baglara-da uly zyýan ýetdi” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.

Ekin meýdanlaryna ýagan doly, ir baharda ýagmadyk ýagyş daýhanlary uly zyýana goýdy, bir topar ekini sowuk urdy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Görogly Galla önümleri kärhanasynyň öňünde täze orlan müň tonna çemesi bugdaýy guratmak üçin açyk ulag duralgasyna döküp, Güne serip goýan ekenler, ol däneler hem düýn ýagşyň astynda galdy diýip, ýerli çeşme 11-nji iýunda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu “meýilnamasyz, sowatsyz edilen hereket bolup, onuň zyýanyny daýhanlar tölemeli bolýarlar”.

“Ýagyş hem aşa köp ýagdy, hamana serlip goýlan bugdaýlaryň üstüne tonnalap suw guýlan ýaly boldy” diýip, hünärmen aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen kärendeçileriň biri “Ekilen ekiniň töwirini galdyraýmak galdy” diýip, hasyl almakdan umydyny üzendigini aýtsa, beýleki bir daýhan kellesini tutup, “Allajan, biz näme günä iş edýäris? Bizi bu ýyl hem rysgymyzdan kesdiň” diýip nalady.

Bazar ammarynda zaýalanan harytlar zibilhana taşlandyIl arasynda “Baý bazar” diýlip bilinýän “Daşoguz” bazaryny hem sil suwy basdy.

“Haryt ammarlaryny dyza çenli suw basdy. Ammarlarda satmak üçin basylyp goýlan harytlaryň uly bölegi suwda galyp, satyp bolmajak ýagdaýa düşdi. Olary zir-zibil atylýan ýere taşlamaly boldular” diýip, bazar işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, halas edip bolan önümleri, ýagny ýokarky tekjelerde ýerleşdirilen harytlary satyjylar gyssanmaç, alyjylar bilen oňşup, tizräk satyp dynmaga çalyşýarlar.

Şu aralykda, duýgudaşlyk bildirmekden geçen, bazar administrasiýasy hem zyýana galan adamlary gyssaýar. Olar haryt eýeleriniň kärendesine alan ammarlary üçin şertnamada görkezilen töleglerini derhal geçirmeklerini talap edýärler.

“Ýagyş ýagmagynda, sil gelmeginde bazar administrasiýasynyň günüsi ýok. Eger tölegler wagtynda geçirilmese, işleriňiz kazyýete geçiriler” diýip, çeşme “Daşoguz” bazarynyň adminstrasiýasynyň duýdurandygyny aýtdy.

Türkmen resmilerinden tebigy hadysalar, olaryň ekin meýdanlaryna, bazarlardaky ammarlara we harytlara ýetiren zyýany, daýhanlaryň çekilen zyýan sebäpli kanun esasynda kompensasiýa almak mümkinçilikleri barada düşündiriş alyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России