Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Şwesiýanyň kazyýeti MTS-iň Türkmenistana garşy ähli şikaýatlaryny ret etdi

0

27-nji iýunda Şwesiýanyň “Svea” şikaýat kazyýeti Russiýanyň MTS mobil operatorynyň Türkmenistana bildirýän ähli şikaýatlaryny ret edip, Aşgabadyň haýryna höküm çykardy. Şol bir wagtyň özünde, kazyýet MTS-i Türkmenistanyň kazyýet işi bilen bagly çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçly etdi. Bu çykdajylar jemi 589 müň ýewro deň bolup, bu tribunal tarapyndan öňki çözgüt bilen bellenilen 11 million dollardan başga, goşmaça töleg hökmünde tölenmelidir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 1-nji iýulda beren habaryna görä, şikaýat kazyýetiniň bu kararyna garşy arza bermek mümkin däl we kazyýet “bu karara garşy şikaýat hödürlemek üçin esas ýok” diýip, beýan edipdir.

2023-nji ýylyň iýunynda Sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkez (ICSID) MTS kompaniýasynyň Türkmenistana garşy bildirýän ähli talaplaryny ret edipdi we rus mobil operatoryny Türkmenistanyň kazyýet çykdajylaryny ödemek üçin 11 million amerikan dollaryny tölemäge borçly edipdi.

2006-njy ýyldan başlap işlän "MTS-Türkmenistan" mobil operatory öz hyzmatlaryny 2017-nji ýylyň sentýabrynda togtatdy. Sebäbi Türkmenistan mobil operatorynyň ýygylyklary ulanmak babatdaky ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdi. Ýapylan wagtynda onuň 1,7 million abunaçysy bardy.

2018-nji ýylyň iýulynda rus kompaniýasy Türkmenistanyň häkimiýetlerini özüniň "MTS Türkmenistan" kompaniýasyny ýurtdan gysyp çykarmakda aýyplady we Dünýä bankynyň ýanyndaky maýa goýumlara degişli dawalara seredýän Halkara merkezine ýüz tutdy.

Häzirki wagtda “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolup, 2004-nji ýyldan bäri hyzmatlary üpjün edýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistany metbugat azatlygyny, erkin sözi berk çäklendirmekde tankytlaýarlar.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России