Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Balkanly mugallymlar zähmet dynç alşynda abatlaýyş we otag işlerine gatnaşmaga mejbur edilýär

0
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 1-nji iýulda bilim we terbiýeçilik işgärleriniň aglabasy üçin 45 günlük kanuny zähmet dynç alyş möwsümi başlandy.
Muňa garamazdan, Balkan welaýatynda zähmet rugsadyndaky mugallymlaryň tas ählisinden abatlaýyş we gowaça meýdanlarynda otag işlerine gatnaşmak talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada balkanly mugallymlaryň onlarçasy anonimlik şertinde 3-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Mekdep müdirleri mugallymlara zhämet dynç alşynda hem her gün gelip, mekdepleriň içki we daşky remontlaryny geçirmegi tabşyrdylar. Şu günler mugallymlar öz mekdeplerini abatlamak işlerini geçirýärler. Swarka enjamyndan başy çykýan mugallymlar döwük oturgyçlary we partalary kebşirleýärler. Soňra-da täzeden boýag işlerini geçirip, täze okuw ýylyna taýýarlaýarlar” diýip, balkanabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Bu talaplar bilen Balkanabadyň orta bilim berýän edaralarynyň tas ählisiniň, şol sanda 1-nji, 2-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy we 9-njy mekdepleriniň mugallymlary ýüzbe-ýüz bolýarlar.
“Mugallymlar mekdep diwarlaryna zerur bolan şpaklýowka, emulsýa serişdelerini, ýyladyş ulgamynyň batareýa turbalary üçin boýaglary hem öz hasaplaryna satyn alyp, özleri bejeriş remont işlerini etmeli bolýarlar” diýip, balkanabatly mugallymlaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde iýun aýynyň başynda okuwçylar üçin tomusky dynç alyş möwsümi başlanýar we bu, 1-nji sentýabra çenli dowam edýär.
Bu döwürde mekdep mugallymlarynyň tas ählisi hem, 45 günlük kanuny zähmet dynç alşyndan peýdalanýarlar we bu, adatça, 1-nji iýuldan awgust aýynyň ortasyna çenli dowam edýär.
Mugallymlaryň tassyklamagyna görä, käbir mugallymlar özleriniň kanuny hukuklarynyň bozulýandygyny aýdyp, zähmet dynç alşynda bu işleri berjaý etmäge garşylyk bildirýärler.
“Bu mugallymlara, adatça bolşy ýaly, işlerinde kemçilik tapylyp, işden çykaryljakdygy barada haýbat atylýar” diýip, balkanabatly mugallym belledi.
Mugallymlar geçen ýyllarda mekdebiň abatlaýyş işlerini geçirmek üçin öz maddy serişdeleriniň hasabyna hakyna işçi tutmaga rugsat berlendigini, ýöne bu ýyl bu mümkinçiligiň ýatyrylandygyny hem aýdýarlar.
“Mekdep müdirleri şu ýyl mekdeplere keseki adamlaryň girmeli däldigi barada welaýat Bilim müdirliginden berk tabşyryk berlendigini aýtdylar, ýöne sebäbini düşündirmediler” diýip, balkanabatly mugallym belledi.
Şol bir wagtda, mugallymlar müdirleriň berýän bu düşündirişiniň haýsydyr bir degerli esasynyň bardygyna ikuçly çemeleşýärler. Olar munuň sebäbini mugallymlaryň diňe mekdebi abatlamak işlerine däl, eýse gowaça meýdanlarynda otag işlerine hem gatnaşmaga mejbur edilýändigi bilen düşündirýärler.
“Bereket etrabynyň pedagoglary 1-nji iýuldan bäri gowaça meýdanlaryna alnyp gidilýär. Olar meýdanda otag işlerini geçirýärler” diýip, bereketli mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň Bilim müdirliginden we agzalan mekdeplerden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 3-nji aprelde eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda mugallymlar öz wezipe borçlaryndan başga-da, oba hojalyk işlerini berjaý etmäge, şol sanda pile ýetişdirmäge, gowaçanyň otag işlerine, pagta ýygymyna gatnaşmaga, şugundyr we ýeralma ýygnamaga mejbur edilýär.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России