Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Deňiz suwy sowuk, kenarda howply ýylanlar köpelýär - çeşmeler

0
Balkandaky habarçymyz Hazar kenaryna dynç almaga gelenleriň suw sowuk diýip, derrew yzlaryna dolanmak bilen bolýandyklaryny, şeýle-de bu ýyl “Awaza” syýahatçylyk zolagyna gelen adamlaryň ýylan çakmak howpundan ‘gorkandyklaryny’ habar berýär.
Deňizde suwa düşüp, çägesöw kenarda gyşaryp, gezim edip dynç aljak adamlar suwuň aşa sowukdygyny aýdýarlar.
“Geçen hepde howanyň gyzgynlyk derejesi birneme tomus aýyndaka meňzäpdi. Şu günler howanyň derejesi Awazada 25° görkezýär. Deňiz kenarynda dynç almaga gelenler bir gün bolup, suw aşa sowuk bolansoň, öýlerine gaýdyp gidýärler” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, gijelerine deňiz kenarlaryna gezelenje çyksaň, hatda üşeýärsiň, iň erbedi bolsa, “Awaza” kenary uly ýylanlardan doldy.
Ýerli ýaşaýjy ol ýylanlary “gum kepjebaş ýylanlary” diýip atlandyrdy.
"Ýigrimiden gowrak adamy ýylan çakdy"“Şu tomus sezonynda dynç almaga gelenleriň arasynda, maňa belli bolanyny aýtsam, 20-den gowrak adamy ýylan çakdy. Olary derrew hassahana ýerleşdirip, ilkinji zerur kömekleri berdiler. Häzire çenli ölüm hadysasy hasaba alynmady” diýip, hünärmen aýtdy.


Tejribeden belli bolşy ýaly, türkmen metbugaty, şol sanda milli syýahatçylyk zolagynyň ýolbaşçylary bu hili ýagdaý barada ilata açyk, jikme-jik düşündiriş bermeýär.
Ýöne häkimiýetler myhmanlary ýylanlardan goramak üçin käbir çäreleri gördüler, Türkmenbaşynyň gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkeziniň 5 sany “Tiz kömek” ulagy, lukmanlary bilen, “Awazanyň” içindäki uly köçäniň ugrunda nobatçylyk çekmäge goýuldy diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Şeýle-de, myhmanhanalaryň halas ediş toparlary, ýylan çakan adamlara gyssagly ýardam bermekleri, lukman gelip ýetişýänçä saklamak üçin, gysyjy rezin bagjyklar, garmon sanjymy dermanlary bilen üpjün edilýär.
“Gaty gorkuly, deňiz kenarynda kobra we gömülgen ýylanlary köpelipdir. Men çagalarym bilen dynç almaga gelipdim. Bir gün boldum. Çagalary deňze goýbermedim, howuzda suwa düşdüler. Indi gaýdyp barýarys” diýip, Aşgabatdan gelen myhman aýtdy.
Sammit bahanasy we ýolbaşçylar topary 'halky deňizden kowýar'Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlar şu ýyl deňiz ýakasynyň has howply bolandygyny, deňiz suwunyň çekilmegi netijesinde, düwlenler, ýylanlar bilen dynç alyp, “aý, gowusy, öýümde oturjak sag-aman” diýen karara gelendiklerini aýtdylar.
“Adamlar gelip başlady, ýöne uzak gitse iki gün bolup, öýlerine gidýärler, suw sowuk. Dürli ýylanlar we düwlenler köpeldi, myhmanhanalar sagat belläp, deňiz kenaryna geçmäge rugsat berýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Habarçylarymyz mundan öň adamlaryň şu ýylyň tomsunda “Awazada” dynç alyp bilmeris diýip alada edýändiklerini habar beripdiler.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen lukmanlaryň, halas ediş toparlarynyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, deňiz kenarynda dynç almagyň, suwa düşmegiň iň amatly wagty iýul aýynyň aýagynda başlanýar, ýagny suw awgust aýynda gyzýar.
Ýöne Türkmenistan şu ýylyň ikinji ýarymynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk we ösüp barýan döwletleriň halkara maslahatyny geçirýär we, sammit bahanasy bilen, ýönekeý adamlar gelýän aýda Awaza goýberilmez diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.
Şeýle-de, howanyň gowy gyzýan we deňiz suwunyň gowy ýylaýan aýynda, awgustda bu ýere ýolbaşçylar toparynyň maşgalalary dynç almaga gelýärler, dynç alyş zolagy halk üçin doly ýapylýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk bu mesele boýunça hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России