Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Pensiýalar ýene gijikdirildi, ýaşulular kösenýär we sebäbini bilmäge synanyşýar

0

Lebaplylara pensiýa haklary ýene-de wagtynda berilmedi. Bir hepdeden gowrak wagtlap pula garaşýan pensionerler azyk we derman satyn almak, hojalyk töleglerini wagtynda tölemek mümkinçiliginden mahrum bolýarka Azatlygyň habarçylary munuň sebäplerini anyklamaga synanyşýarlar.

Sosial üpjünçilik edaralaryna barýan pensionerleriň sany şu günler köp. Raýatlar öz hasaplaryna iýulyň pensiýasynyň geçirilmändiginiň sebäbini anyklamak üçin pension fondunyň başlygynyň ýanyna barmaga howlugýarlar.

“Welaýatyň pensiýa gaznasynyň başlygynyň kabinetiniň öňinde nobata duranlaryň ählisi diýen ýaly resminamalarda pensiýa gaznasynyň işgärleri tarapyndan pensiýa alyjynyň ady ýalňyş görkezilipdir, şu sebäpden pensiýalar gijikdirilipdir diýýärler” diýip, türkmenabatly habarçymyz aýdýar.

Azatlyk bilen gürleşen çärjewli pensioner, pensiýa hakynyň gijikdirilmeginiň sebäplerini anyklamak üçin gazna baranynda, gaznanyň işgäri: "Siziň pensiýaňyz işlenende, işgärimiz resminamalarda adyňyzy ýalňyş görkezipdir. Pensiýaňyz indiki aý geçer. Garaşyň” diýip, jogap berendigini gürrüň berdi.

Lebaplylaryň pensiýa haklary eýýam üç aý bäri gijikdirilip berilýär. Ýerli pensionerleriň pensiýa haklary iýunda hem gijikdirilipdi. Şonda ýerli pensionerler maý aýynda hem pensiýasyny diňe 13-de alyp bilendigini gürrüň beripdi.

Düzgüne görä, adatça pensiýalar we kömek pullary raýatlaryň plastik kartlaryna her aýyň 1-ne geçirilýär.

Welaýatyň sosial üpjünçilik edaralaryndaky çeşmeler pensiýalaryň geçirilmeli wagtynyň ýokardan berlen buýruk esasynda kesgitlenip, gijiräk geçirilendigini gürrüň berdiler we bu barada buýrugyň maý aýynda gelip gowşandygyny aýtdylar.

"Aşgabatdan pensiýa haklaryny gijikdirilip bermek hakynda dilden buýruk geldi. Maý aýynda welaýatyň pensiýa gaznasynyň başlygyna gelip gowuşdy" diýip, lebaply çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Pensiýa gaznasyndaky ýagdaýlardan habarly ýene bir çeşme pensionerleriň atlarynda köpçülikleýin goýberilen ýalňyşlyklaryň tötänden däldigini aýdýar. Ol bu "Aşgabadyň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin edildi" diýdi.

“Maý aýynda, pensiýalaryň gijikdirilip berilmegi hakynda merkezden buýruk berildi. Şondan soňra, edara işgärleri bu buýrugy ýerine ýetirmek üçin, degişli resminamalarda ýalňyşlyklar goýberilen ýagdaýynda, umumy kompýuter sistemasy resminamalary kabul etmän, pensiýa bermek prosesini haýalladyp biljekligini öňe sürdüler. Şondan soň iki aýdan bäri şeýle problemalar döräp, pensiýalaryny wagtynda alyp bilmeýän pensionerleriň sany ep esli artdy” diýip, ýene bir çeşme aýdýar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler "merkezden berildi" diýilýan buýrugyň sebäplerini bilmeýändiklerini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy welaýatyň sosial üpjünçilik edaralaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Döwletiň ilata aýlyk, pensiýa we kömek pullaryny wagtynda tölemezliginiň sebäpleri barada ýurt resmileri tarapyndan ilata düşündiriş berilmeýär, emma ykdysady bilermenler bu ýagdaýyň yzly-yzyna gaýtalanmagynyň ýurtdaky maliýe-ykdysady krizisden habar berýändigini aýdýarlar.

“Soňky iki ýylda ýurtda manatyň ýetmezçiligi duýulýar. Aşgabat bu defisiti sazlamak üçin şeýle ynsapsyz usullara baş goşýar" diýip, çeşmeleriň biri öz pikirini mälim etdi.

Türkmenistanda her aýyň birinji hepdesinde nagt pul ýetmezçiligi güýçlenýär. Ilat köpçüligi pensiýalaryny we aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňünde uly nobatlara düzülýär.

Türkmenistanyň ýaşy uly raýatlary pensiýalaryny almakda ýyllarboýy dürli kynçylyklara duçar bolýar - puluň sebäbi düşündirilmezden gijikdirilmegi, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi pensionerleri pulsyz goýýar, şeýle-de olardan diriligini subut etmek talap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России