Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2025
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27
28
29 30

Aladaly eýranlylar BMG-niň gaýtadan dikeldilen sanksiýalarynyň netijelerine garaşýarlar

0
BMG-niň Eýrana garşy girizen we 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasy esasynda ýatyrylan sanksiýalary, Tähranyň bu ädimiň öňüni almak üçin edýän tagallalaryna garamazdan, hepdäniň ahyrynda gaýtadan güýje girizildi.
Eýranyň resmileri sanksiýalaryň gaýtadan güýje girizilmegini “bikanun” diýip atlandyrýarlar we halkyň muňa çydam etjekdigini öňe sürýärler, ýöne syýasy ugurlarda ýurduň mundan beýläk näme etmelidigi barada jedeller gyzyşýar.
Konserwatiwler boýun egmezligi dowam etdirýärler. Tähran häkimligi bilen ilteşikli “Hamşahri” gazeti sanksiýalaryň täsirini peseltdi.
“Duşman propaganda arkaly şol bir köne sanksiýalary gaýtadan ulanmaga we olary adamlaryň aňynda has giň gerimli we howply edip görkezmäge synanyşýar” diýip, baş redaktor Mohsen Mahdian ýazdy.
Ol adamlar “çişirilen öňe sürmelere” garşy ägä boldugyça Eýranyň [sanksiýalara] garşy çydamlylyk görkezjekdigini hem öňe sürdi.
Ýurduň berk kazyýet ulgamy hem, bu pozisiýany goldady. Tähranyň prokuraturasy habar beriş serişdelerini wakalary beýan etmekde seresaply bolmaga çagyrdy we habar berilýän maglumatlaryň “jemgyýetiň howpsuzlygyna zyýan ýetirmeli däldigini” aýtdy. Düzgün bozulmalar ýüze çykan halatynda “degişli çäreleriň görüljekdigi” prokuraturanyň maglumatynda bellendi.
Bu aralykda, reformaçy kommentatorlar Günbataryň Eýranyň uzak aralyga uçýan raketa önümçiligini azaltmak baradaky çagyryşlar ýaly talaplarynyň arkasyndaky logikany sorag astyna alýarlar.
“Raketa mümkinçilikleriniň azalmagy doly boýun egmegi aňladýar we söweş howpuny ýokarlandyrar” diýip, Kiumars Aştari belledi.
Ýönekeý eýranlylar üçin sanksiýalaryň yzyna gaýtarylmagy olaryň iň agyr degýän ýeri bolan gapjyklaryna täsir ýetirýär.
“Inflýasiýa kontroldan doly çykdy we sanksiýalaryň täzeden başlamagy bilen bahalar hökmany suratda ýokarlanar” diýip, bir aýal Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy bolan “Radio Farda” iberen maglumatynda aýtdy.
Ol häkimiýetleri tankytlady we has kyn günleriň garaşýandygyny hem belledi. “Bizi bu ýagdaýa getirenlere nälet bolsun” diýip, ol sözüne goşdy.
Beýleki bir raýat, awgust aýynda inflýasiýanyň 42,4 göterime çenli ýokarlanan ýurdunda maşgalalaryň çykdajylaryny nädip sazlamaga mejbur bolýandygyny beýan etdi.
“Adamlar tygşytlamak we zerurlyklaryny kanagatlandyrmak usullaryny üýtgedýärler. Bu, altynyň we dollaryň bazarlaryna basyş edip, bahalaryň ýokarlanmagyna we munuň hemme zada täsir etmegine getirýär. Netijede, bu hereket puluň ykdysadyýete dolanmagyna päsgelçilik döredýär” diýip, ol belledi.
Ýönekeý eýranlylar gysyş duýsa-da, BMG-niň gaýtadan dikeldilen sanksiýalary esasan Eýranyň harby we ýadro maksatnamalaryny nyşana alýar. Bu sanksiýalar doly ýarag embargosyny, raketa we ýadro tehnologiýalarynyň geçirilmegini gadagan etmegi, Eýranyň esasy resmileri we dahylly guramalar üçin aktiwleriniň doňdurylmagyny we syýahat çäklendirmelerini öz içine alýar.
Bu sanksiýalaryň göni ykdysady täsiri çäkli bolup biler, emma BMG-niň çäreleri ýurduň izolýasiýasyny çuňlaşdyrýar. Ýaraglary import etmek indi kanuny taýdan mümkin däl we indi daşary ýurt maýa goýumlary has-da uly päsgelçiliklere sezewar bolýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России