Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24
25
26
27 28 29 30 31

Türkmenabatda sanjym kampaniýasy başlandy, ýaşaýjylar isleg bildirmeýär

0

Türkmenabadyň şäher saglyk öýlerinde dümewe garşy sanjym etmek kampaniýasy dowam edýär. Sanjymlaryň ilata mugt hödürlenýändigine garamazdan, saglyk öýlerine ýüz tutýan ýaşaýjylar köp däl. Şäheriň saglyk edaralaryndaky ýagdaý barada Azatlygyň ýerli habarçylary maglumat berýärler.

2025-nji we 2026-nji ýyllaryň gyş möwsüminde grip keseline garşy mugt sanjym goýmak kampaniýasynyň dowamynda mekdeplerde we döwlet edaralarynda sanjym etdirmek talaby girizilýär. Saglyk işgärleriniň sözlerine görä, muňa ilat arasynda sanjymy meýletin etdirmäge islegiň azdygy sebäp bolýar.

“Resmiler waksinalaryň her bir maşgalanyň agzasy üçin göz öňünde tutulandygyny aýdýarlar. Ýöne şäherde ýaşaýan köp adam bu sanjymlara ynamsyz garap, ýüz öwürmäge çalyşýar” diýip, saglyk işgäri gürrüň berdi.

Türkmenabadyň saglyk öýleriniň işgärleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ilkinji waksinalar 20-nji sentýabrda edilip başlanypdyr. Şondan bäri häkimiýetler ilatyň sanjym etdirmekden boýun gaçyrmagynyň öňüni almak üçin çärä girişipdir.

Mekdep okuwçylaryna sanjym edilenden soň ýörite tassyknama berilýär we ony mekdep administrasiýasyna tabşyrmak hökmanydyr diýip, çeşmeleriň aýtmagyna görä, tassyknamany getirmedik okuwçylar babatynda çäre görüljegi duýdurylýar.

“Ogluma sanjym etdiler, derrew sprawkany mekdebe eltip bermeli diýip aýtdylar. Mugallymlar sprawka bolmasa, mekdebe gelip oturmaň diýýärler" diýip, ene gürrüň berdi.

Türkmenabatly ýaşaýjylaryň käbiri sanjymdan ýüz öwürmeginiň sebäplerini onuň kömegine ynanmaýandygyny aýdýan bolsa, beýlekiler saglyga ýetirýän täsirinden ikaýat edýärler.

"Maşgalalaryň köpüsi sanjym etdirmek islemeýär. Adamlar nämäniň sanjylýandygyny bilemizok diýip, aýdýarlar, şonuň üçin hem garşy çykýarlar” diýip, 3-nji kwartalyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenabatly pensioner sanjymdan soň özüniň birnäçe günläp ýadaw we gowşak duýandygyny gürrüň berip, "iki günläp ýerimden turup bilemok" diýdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen türkmenabatly lukmanlar bolsa, bu ýagdaýy sanjymyň “adaty täsiri” hökmünde düşündirýärler.

"Emma düşündirmäge synanyşsak-da, bu ýagdaý adamlaryň ynamsyzlygyny güýçlendirýär" diýip, lukman aýdýar.

Şäheriň saglyk öýleriniň birindäki çeşme waksina barada goşmaça maglumat berip, Türkmenabatda ulanylýan sanjymyň Koreýada öndürilen "GC FLU Quadrivalent" atly dört komponentli waksinadygyny aýtdy. Ol Bütindünýä Saglyk Guramasynyň 2025/2026-njy ýyl üçin demirgazyk ýarymşar üçin maslahat beren ştamlaryny öz içine alýandygyny belledi.

“Muňa garamazdan, ýaşaýjylaryň arasynda 'häkimiýetler bu işi diňe BSG-niň öňünde hasabat bermek üçin edýärler, adamlaryň ynamyny gazanmak üçin düşündiriş işini ýöretmeýärler diýmekden saklanmaýar" diýip, saglyk öýündäki çeşme aýdýar.

Ýaşaýjylaryň arasynda öňki möwsümleri ýatlap, häzirki çäreleriň diňe hasabat üçin edilýändigini aýdýanlar az däl.

“2024-nji ýylyň gyşynda Lebap welaýatynyň çagalar baglarynda we mekdeplerinde okuwçylaryň ýarysy öýlerinde ýokary gyzgyn we güýçli üsgülewük bilen ýatdylar” diýip, türkmenabatly çeşmeleriň biri aýdýar.

Türkmenistan onlarça ýyl bäri saglyk statistikasyny çap etmeýär. Ýurtdaky keselçilik ýagdaýlar barada ne saglyk resmileri tarapyndan, ne-de döwlet mediasynda habar berilýär. Resmiler epidemiýalary, şol sanda dümewi düýpden agzamaýar. Türkmenistan öz giňişliginde COVID-19-yň bolmandygy aýdan tas ýeke-täk ýurt boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России