Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky azyk ýagdaýy 'tankytçylaryň sanyny köpeldýär'
Azatlyk 24-nji dekabrda paýtagtda we beýleki ýerlerde guralýan ‘baýramçylyk söwdasy’ we türkmen häkimiýetleriniň ulanýan ‘baha gözboýagçylygy hakynda habar beripdi.
Türkmenistanda baýramçylyklaryň öňünden döredilýän ‘ýeňillikli’ ýa-da arzan nyrhly söwda ýurtda dowam edýän hroniki azyk ýetmezçiligi, ilatyň aglaba köplüginiň ýyl-ýyldan garyp düşmegi bilen düşündirilýär.
Alyjylar 'arzan banan' aldawyna düşdiTejen, Babadaýhan etraplaryndan gelen maglumata görä, häzir adaty dükanlarda we bazarlarda bananyň 1 kilogramynyň bahasy 30 manatdan ýokarda bahalanýan bolsa, arzan diýilýän bananyň kilogramy 24 manatdan satylýar.
Maglumat üçin aýtsak, türkmen telekeçileriniň 2018-nji ýylyň dekabrynda 'ilkinji banan hasylyny aljakdygy' habar berlipdi.
Bazarlara aýlanan habarçymyz adamlaryň uly nobata goşulyp, az hem bolsa, arzan banandan satyn almaga çalyşýandyklaryny, ýöne bananyň gökdügini, saralyp ýetişmändigini gürrüň berdi.
Satyjylar alyjylaryň ‘bişmedik banan’ baradaky soraglaryna jogap berip, ‘Täze ýyl baýramyna çenli iýmän saklasaň, özi durup saralýar’ diýýärler. Çäkli möçberde satylýan önüm, iki kilogram diýlip, adam başyna 5 sany banandan goýberilýär. Emma ony öýe getirip çekenler iki kilogram diýlen bananyň 1,5 kilogram bolup çykýandygyny aýdýarlar.
“Men iki kilo diýlen 1,5 kilogram gök banana 48 manat töledim. Eger-de adaty satyjylardan saýlap 1,5 kilo banan alan bolsam, ol maňa 45 manada düşjekdi. 2 kg diýip 1,5 kg gök, bişmedik banany 48 manada satdylar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar ilatyň ‘arzan’ diýilýän harytlara ‘gaty zardygyny’ aýtdylar.
Arzanyň 'arzysy kän', ahmyry ondan hem kän“Bir ýerde arzan azyk bar diýilse, adamlar muňa ynanyp, bir-birinden öň satyn aljak bolup, basa-baslyk döredýärler. Hut şu gün döwlet dükanlary halka 1 kilogramy 35 manat bolan arzan, doň et satdylar” diýip, başga bir ýaşaýjy ýatdy.
Onuň tassyklamagyna görä, arzan we süňksüz, üstesine ýagly etden satyn alan adamlar öýlerine baryp, özlerine gögeren, yslanyp başlan etiň satylandygyny görüp, gahar-gazaba mündüler.
Ysly et satan döwlet dükanlary başda yzyna getirilen etleriň, satylan harydyň yzyna gaýtarylyp alynmaýandygyny aýtdylar.
“...ilki arzan etden satyn almaga näçe adam baran bolsa, ýene şonçarak adam alan etini yzyna getirdi” diýip, bu waka şaýat bolan ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gazaba münen ýasaýjylar dükan satyjysynyň awtoulagynyň aýnasyny döwdüler. Netijede, howpsuzlyk aladalary sebäpli ady, ýeri aýdylmaýan çeşmeleriň tassyklamagyna görä, döwlet dükanynyň satyjysy üýşen adamlaryň gazabyndan çekinip, öz satan ysly, zaýalanyp başlan etlerini yzyna gaýtaryp almaga mejbur boldy.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan adamlar ýurtda hakykat ýüzünde halk saglygyny alada edýän ýolbaşçynyň ýokdugyny öňe sürdüler.
“Il saglygy - ýurt baýlygy” diýen ýaly ýazgylaryň ählisini köçelerden aýyrmaly diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Dermanhanalaryň agzynda döreýän nobatlarda adamlar döwlet dükanlarynda satylýan süňksüz, könelip başlan ýagly eti iýenleriň köpüsiniň näsaglyk tapynýandygyny aýdýarlar, emma bu aýdylýany resmi taýdan tassyklatmak ýa inkär etdirmek mümkinçiligi ýok diýip, habarçymyz ýazdy.
Azatlygyň paýtagtdaky habarçy bir gün öň, 24-nji dekabrda bazarlardaky söwdanyň ‘haýaldygyny’, alyjylarda Täze ýyl höwesiniň ‘pesdigini habar berdi.
Bu habary Tejendäki, Babadaýhandaky çeşmeler hem tassyklaýar.
“Häzir bazarlara barsaň, satyjy kän-de, alyjy ýok ýa-da gaty az, satyjylar şu ýyl söwda pes, adamlar Täze ýyl bellemejekmikä diýip, alada galýarlar” diýip, söhbetdeşimiz ýönekeý adamlaryň köpüsiniň baýramçylyk saçagyny bezemekden geçen, zerur dermanlar üçin pul tapman kösenýändigini gürrüň berdi.
Söhbetdeşlerimiziň biri häzir, begendirjek bolup, Aýaz baba gelýär diýseň, aýraçylyk zerarly, kakam haçan gelýär, ejem haçan gelýär diýip soraýan çagalaryň köpelendigini aýtdy.
Azyk ýagdaýy nägilelik pikirini aýdýanlary köpeldýär Azatlygyň çeşmeleri baýramçylyga gabat guralýan emeli arzanlaşyklaryň hossarsyz telekeçilere agyr zyýan ýetirýändigini, ýöne söwdanyň hökümete ýakyn hasaplanylýan adamlaryň dükanlarynda peýdaly, girdejili bolup galýandygyny aýdýarlar.
'Işi rowaç' adamlaryň bazarynda, az sanly gurply adamlaryň söwda edýän dükanlaryna adaty adamlar baryp bilmeýär, arzan bahadan satylýan eti we miweleri hem köp adam diňe Täze ýyl gabat alyp bilýär, galan wagt 60 manatdan apelsin, 160 manatdan et satyn almaga köp adamyň puly ýok, ýurt şeýle ýagdaýa geldi diýip, bir ýaşuly aýtdy.
Bu ýagdaý, aýdylmagyna görä, hökümeti tankytlaýan adamlaryň ‘gaty köpelmegine’, ylaýta-da Berdimuhamedowlaryň diýdimzor režimini tankytlap, ýolbaşçylaryň ýakyn töweregini açgözlükde aýyplamagyna getirýär.
Türkmenistanda Emele gelen ýagdaý, emeli arzançylyk ýa-da wagty geçen önümleriň satylmagy bilen bagly meseleler sosial ulgamlary ulanyjylary hem barha kän ‘biynjalyk’ edýäne meňzeýär.
Olaryň käbiri bu meselede hökümeti tankytlap, ozal aýtmak mümkin däldir öýdülen berk sözleri aýdýarlar. Bu hili hökümet tankytçylaryna “Arzan berse, halka elýeterli edip berýär. Ýöne köteklejek bolup durşuňyz. Bolar, hemme zat bolar, türkmen şükürli halkdyr” diýip ‘maslahat’ berýänler hem bar.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen hökümeti we metbugaty ýurtdaky azyk meselelerini boýun almaýar, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
