Tramp, ýadro programmasyny dikelden ýagdaýynda, Eýrana täze zarbalaryň uruljakdygyny aýtdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 29-njy dekabrda, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşygy wagtynda Eýrana, eger-de ýadro programmasyny täzeden başlasa, täze zarbalary urmak haýbatyny atdy diýip, "Roýters" onuň sözlerine salgylanyp habar berýär.
"Men olaryň ýaraglaryna we beýleki zatlaryna bat berýändigini okadym, eger bu şeýle bolsa, olar biziň weýran eden desgalarymyzy däl-de, belki, başga desgalary ulanýarlar" diýip, Tramp sözüni dowam etdirdi. "Biz olaryň nirä tarap ugur alýandygyny, näme edýändigini anyk bilýäris we men umyt edýärin, olar beýle etmeýärler, sebäbi biz B-2-lere ýangyç sarp etmek islemeýäris."
Tramp B-2 diýmek bilen, şu ýylyň iýun aýynda Eýranyň Fordowdaky, Natanzdaky we Isfahandaky ýadro desgalaryna zarba uran B-2 bombalaýjy uçarlaryny göz öňünde tutýar. ABŞ-nyň prezidenti şol zarbalardan soň "Eýranyň esasy uran baýlaşdyryjy desgalarynyň doly ýok edilendigini" aýdypdy.
