Nurgeldi Halykow ýurtdan ‘milli howpsuzlyk aladalary sebäpli' goýberilmeýär
Türkmen häkimiýetleriniň Nurgeldi Halykowa girizen wagtlaýyn syýahat gadaganlygy Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunynyň 30-njy maddasynyň 10-njy bölümi, salgylanyp, "onuň ýurtdan çykmagynyň Türkmenistanyň milli howpsuzlyk bähbitlerine ters gelmegi" bilen düşündirilýär diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.
Bu habar bilen baglylykda, garaşsyz neşir resmileriň “Turkmen.newsiň” öňki habarçysy Halykowyň bäş ýarym ýyl bäri dowam edýän ýanalmasynyň syýasy häsiýetli bolandygyny tassykladyklaryny öňe sürýär.
Migrasiýa gullugynyň resmisiniň gol çekmegi bilen berlen jogabyň nusgasyndan görnüşine görä, 2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S. Imamberdiýew Halykowyň özüniň ýurtdan goýberilmezliginiň sebäbini düşündirmek baradaky talabyny ‘kanagatlandyrypdyr’.
Adatça, girizilýän syýahat çäklendirmelerine ýazmaça düşündiriş bermeýän Migrasiýa gullugy, bu jogaby Köpetdag etrap kazyýetiniň çykaran kararyna laýyklykda beripdir.
Halykow özüne garşy girizilen syýahat çäklendirmesi bilen ilkinji gezek bir ýyl mundan ozal, 12-nji ýanwarda, Aşgabatdan Dubaýa uçmakçy bolanda ýüzbe-ýüz boldy.
Şonda Halykow, iş berijisiniň çakylygy esasynda, talap edilýän resminamalary jemläp, myhmanhana pudagynda işlemek üçin Birleşen Arap Emirliklerine uçmaga synanyşdy.
“Turkmen.news” migrasiýa resmileriniň Halykowyň daşary ýurda gitmeginiň Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna nähili howp salýandygyny anyk düşündirip bilmändikkilerini, soralan maglumatlaryň ählisini açmandyklaryny belleýär.
Köpetdag etrap kazyýeti gadagançylygyň anyk möhletini we, gadagançylyk kararynyň çykarylmagyna sebäp görkezilen görkezilen "ygtyýarly edaranyň" adyny aýtmagy talap edipdi.
Neşir migrasiýa resmisiniň Migrasiýa hakyndaky kanunyň 30-njy maddasynyň 10-njy bendine gönüden-göni salgylanmagyny Halykowyň diňe migrasiýa gullugy bilen bir ýyllap dowam eden çekeleşmesiniň däl, eýsem onuň türkmen aňtaw gulluklary tarapyndan yzarlanmagynyň tutuş taryhynda hem möhüm fakt bolandygyny belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
