Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22 23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmen wizasyny almakdaky kynçylyklar özbek telekçileri üçin päsgelçilik döredýär

0
Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew 17-nji ýanwarda türkmen wizasyny almakdaky kynçylyklaryň ýurduň işewür jemgyýetiniň Türkmenistan bilen aradaky iş gatnaşyklaryna päsgelçilik döredýändigini aýtdy. Özbek telekeçileriň ilçiler we hökümet resmileri bilen duşuşygynda gozgalan wiza meselesi diňe goňşy ýurduň telekeçileri üçin däl, Türkmenistanyň öz ilaty üçin agyr mesele bolmagynda galýar diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Gazeta.Uz neşiriniň habaryna görä, Täjigistan bilen aradaky söwda gatnaşyklary has-da köp tankyda sebäp boldy.
Duşuşykda “Knauf” kompaniýasynyň ýerli bölüminiň täjirçilik direktory çykyş edip, özbek kompaniýalarynyň eksport etmekde ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçilikleri, hususan-da, olaryň türkmen bazarynda uçraýan wiza kynçylyklary barada gürrüň berdi.
Wiza meselesi çözülse, 'gowy bolardy'Ol özleriniň Türkmenistana köp mukdarda eksport edýändiklerini, häzir, bazara täze innowasion önümleri girizýän wagtlarynda we olary hödürlänlerinde, işgärler üçin wiza almakda yzygiderli kynçylyk çekýändiklerini belläp, "Bu meseläniň çözgüdi tapylsa gowy bolardy" diýdi.
Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimov “Knauf” bilen bagly ýagdaýa düşündiriş berip, "Knauf” örän işjeň, biz olar bilen yzygiderli aragatnaşykda bolýarys we olara kömek ederis. Olaryň Aşgabatda we Turkmenabatda sergi zallary bar" diýdi.
Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,06 milliard dollardan (+3,2%) geçdi.


Emma muňa garamazdan, Jamşid Hojaýewiň nygtamagyna görä, wiza meselesi, öňküleri ýaly, işewürler üçin ynjyk mesele, has anygy, şindi hem päsgelçilik bolmagynda galýar.
Türkmenistan we Özbegistan özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we anyk mazmun bilen doldurmaga iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklaýar, ýöne bu gepleşikler köplenç, türkmen tarapynyň döredýän emeli kynçylyklary, hususan-da wiza meselesi sebäpli, doly netije bermeýär diýip, synçylar aýdýar.
Geçen ýyl iki ýurduň araçäginde, serhet boýundaky bitarap zolakda açylan ortalyk bazarda söwda etjek ýerli telekeçileriň aýtmaklaryna görä, täze bazar üçin 'propuska 4 aýyň dowamynda çykýar. Munuň sebäbi, aýdylmagyna görä, serhetde söwda etjek telekeçileriň, bitarap zonada açylmaly türkmen-özbek bazaryna barmak isleýänleriň 3 arka barlagy bilen bagly.
Anonimlik şertinde gürleşen telekeçiniň tassyklamagyna görä, serhet gaçakçylygynda tutulan we türmä düşen garyndaşy bolan raýatlar serhetdäki bazara goýberilmeli däl, “bu mesele Migrasiýa, Milli howpsuzlyk we Serhet gulluklarynyň wekilleri tarapyndan, bilelikde çözülmeli” diýip, Özbegistandan gurluşyk materiallaryny getirip satýan telekeçi Azatlyga aýtdy.
Synçylar geçen ýylyň fewralynda iki ýurduň arasynda erkin söwda tertibini girizmek, bir-biregiň çäklerinde öndürilýän önümler boýunça gümrük paçlaryny ýatyrmak babatda gelnen kararlaryň bu ugurda edilen gowy iş bolandygyny bellediler.
Hökümet dilde bir zat, iş ýüzünde 'başga zat diýýär'Ýöne, hökümet tankytçylary şol wagt hem Türkmenistanyň ‘dilde açyklyk, iş ýüzünde alyp barýan ýapyklyk ýörelgesiniň” bu golaýda üýtgemejekdigini öňe sürüpdiler.


Awstriýada ýaşaýan türkmen ýaşulusy, ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk bilen söhbetedeşlikde aýtmagyna görä, iki ýurtda prezidentler täzeleneli bäri köp zat üýtgedi, ýöne Aşgabat ýurduň hakykatdan hem açylmagyna, dilde däl, iş ýüzünde garşy durýar.
Hanamow bu garşylygyň sebäbini, öz sözleri bilen aýtsak, türkmen hökümetindäki düşündirip bolmaýan gorky, howatyr bilen baglanyşdyrýar.
Synçylaryň käbiri Türkmenistandaky wiza kynçylyklarynyň esasan korrupsiýa, para almak synanyşygy bilen baglydygyny öňe sürýär.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, daşary ýurt raýatlygyny alan türkmenistanlylaryň toýa, ýasa gelmek üçin soraýan wizalary hiç bir düşündirişsiz ret edilip bilinýär.
Azatlyk bu barada Döwlet migrasiýa gullugyndan, Daşary işler we Milli howpsuzlyk ministrliklerinden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России