Maryda 'ahlak reýdleri' geçirildi, ýaşaýjylar polisiýany korrupsiýada aýyplaýar
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, 26-njy ýanwarda welaýatyň administratiw merkezinde ten satýan aýallara garşy polisiýa reýdleri geçirildi.
Bu habar Azatlygyň myhmanhanalardaky 'pynhan duşuşyklar' we paýtagta gelýän adamlaryň gije galar ýaly ýer tapman kösenişi barada çap eden habarynyň yz ýanyndan geldi.
Türkmen metbugaty ýurduň iri şäherlerinde wagtal-wagtal geçirilýän ‘ahlak reýdleri’, olaryň netijeleri barada açyk we anyk maglumatlary bermeýär. Şol bir wagtda, resmi däl ýagdaýda aýdylmagyna görä, bu çäreler jemgyýetçilik ahlagyny goramak, arassaçylyk düzgünleriniň saklanmak zerurlygy bilen düşündirilýär.
Düzgün bozujylary ‘ala tutýarlar’ Anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, häkimiýetler jemgyýetçilik ahlagyna gezek gelende hem düzgün bozujylary ‘ala tutýarlar’ we, geçirilýän reýdler gözboýagçylyk, adaty polisiýa parahorlugy bilen utgaşýar.
Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk bu ugurdaky korrupsiýa barada aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, soňky reýdler welaýatlar arasynda adam gatnadýan taksileriň duralgalarynyň golaýyndaky kafe-restoranlarda, gijeki dynç alyş ýerlerinde hem-de polisiýa şugullary diýilýänleriň habar beren öýlerde geçirildi.
Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, reýd geçirilen ýerleriň köpüsi polisiýanyň öňden bilýän we gözegçilik astynda saklanýan adamlary bilen baglanyşykly.
Mary şäheriniň Güljemal Han köçesinde ýaşaýan ýaşaýjy 26-njy ýanwarda, gije sagat 22:00 töweregine gelen dört sany polisiýa işgäriniň goňşusynyň gapysyny döwüp açandygyny gürrüň berdi.
“Goňşym öýünde massaž hyzmatlaryny hödürleýär. Ol Taýlanda ýygy-ýygydan gidip, şol ýerde massaž etmegiň usullaryny öwrenip gelipdir. Onuň zyna ýa-da ten satmak bilen meşgullanýandygyny hiç kim bilmeýär. Emma şonda-da, kimdir biri ony polisiýa şugullapdyr. Netijede, goňşym 12 müň manat para berip, ‘meseläni’ ýerinde çözdi” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.
Wagtynda ‘düşünişseň, resmi iş açylmaýar'Aýry-aýrylykda gürleşen iki ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, polisiýanyň geçirýän “ahlak reýdleri” köplenç para, berim-peşgeş bilen tamamlanýar.
Polisiýa işgärleriniň geçiren reýdlerinde alnyp gidilen adamlaryň tanyşlarynyň, hossarlarynyň aýtmagyna görä, eger wagtynda ‘düşünişseler’, ýagny pul töleseler, olaryň köpüsine garşy resmi iş açylmaýar.
Maryda 26-njy ýanwar agşamy geçirilen reýdde polisiýa işgärleri “Rysgal” myhmanhanasynyň gapdalynda ýerleşýän “Miras” kafesine hem bardylar.
Wakany gözi bilen gören myhmanhana işgäriniň aýatmagyn görä, kafede stol başynda gürleşip oturan jübütleriň birnäçesi, sorag edilmän, göni ulaga mündürilip, polisiýa bölümine alnyp gidildi.
“Bu kafede ten satýan aýallaryň hem bolup biljekdigi hemmelere belli. Emma polisiýa diňe islän wagty gelýär. Şol gün iki sany jübüti alyp gitdiler. Kafeniň eýesi galan adamlara ‘ten satýanlara garşy reýd geçirilýär’ diýdi. Hiç kim hiç zat soramady” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylary bu hili reýdleriň kanuny esaslarynyň gümürtik bolup galýandygyny aýdýarlar.
Ikinji tarapdan, Türkmenistanda polisiýa, häkimiýet wekilleri tarapyndan goragyň bolmasa, hiç bir ugurda bikanun iş, gazanç etmegiň tas mümkin däldigi öňe sürülýär.
“Polisiýa işgärleri ten satýan aýallara ýyllap howandarlyk edip, olardan yzygiderli paç alýar, käwagt olaryň hyzmatlaryndan mugt peýdalanýan ofiserleriň hem bardygy aýdylýar. Ten satýan aýallaryň içaly, agent hökmünde ulanylýan wagtlary hem bolýar” diýip, çeşme aýtdy.
Ol bu ýerde hemmeleriň hemme zady bilýändigini öňe sürdi. Onuň polisiýadaky garyndaşyna salgylanyp aýtmagyna görä, 26-njy ýanwarda geçirilen reýd baradaky buýruk welaýat prokuraturasyndan gelipdir.
Azatlygyň habarçylary mundan öň hem ten satýan aýallaryň we jynsy azlyklaryň wekilleriniň köpçülikleýin nyşana alnyşy barada habar beripdiler.
Türkmen häkimiýetleri bu reýdler barada çykýan habarlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär, resmi düşündiriş bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
