Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22 23
24
25
26 27 28 29 30 31

Türkmenistanda ýiti dümew alamatly keselçilik ýaýraýar, ölüm hadysalarynyň bardygy aýdylýar

0
Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar. Lukmanlaryň ençemesi ýiti dümew alamatlary bilen geçýän hassalyga ýolugan gartaşan adamlaryň arasynda ölüm hadysalarynyň hasaba alynýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 29-njy ýanwarda Ahal we Balkan welaýatlaryndan maglumat berdiler.
“Balkanabat şäherinde dem alyş ýollary wirusynyň erbet görnüşleri ýaýraýar. Munuň adaty dümewden tapawudy – bu wirus bilen syrkawlan adamda içinden gan geçme alamatlary, beden gyzgynlygynyň aşa ýokarlanmagy we ysgynsyzlyk bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şäherdäki saglyk öýleriniň uly maşgala lukmanlary hassalyga ýolugan raýatlaryň aglabasyna ýokanç keselleri hassahanasynda ýatyp bejergi almagy maslahat berýärler.
“Munuň sebäbi wirusyň bu görnüşiniň aşa agressiw bolmagy bilen baglanyşykly bolup, bu görnüşli dümewiň saglyk bejergisi üçin ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan dermanlaryň we sanjymlaryň ýörite sanawy hem berildi” diýip, balkanabatly uly maşgala lukmany anonimlik şertinde aýtdy.
"Ölüm hadysalary..."Lukmanlar ýaşaýjylara wirus barada has jikme-jik maglumat bermeýärler.
Ýöne olar oňa ýeňil çemeleşmeli däldigini, esasanam süýji keselinden we dem gysmadan ejir çekýänlere, I-nji we II-nji topar maýyplygy bolanlara aşa üns berilmelidigini aýdyp, wirus zerarly gartaşan adamlaryň arasynda ölüm hadysalarynyň hasaba alnandygyny belleýärler.
“Soňky bir hepdäniň dowamynda Balkanabatda ýaşy 60-den geçen 13 sany adam heläk boldy. Olaryň ählisi ilki dümewden şikaýat edip ýüz tutdular. Ýöne soňra olarda içinde gan geçme alamatlarynyň hem bardygy anyklandy we olaryň gan geçmesi togtamandygy sebäpli öldüler. Ýaşlaryň imuniteti güýçli bolansoň, häzire çenli bu wirusa ýolugan ýaşlaryň arasynda ölüm hadysalary hasaba alynmady” diýip, balkanabatly ýene bir lukman anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlykda bu hadysalaryň haýsy hassahanada hasaba alnandygy barada anyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa saglyk çeşmelerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şol sanda ölüm hadysalary barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Saglyk müdirliginden resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Redaksiýamyz ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hem habarlaşyp bilmedi. Ministrligiň resmi web sahypasynda hem dem alyş ýollarynyň keselçiliginiň ýaýramagy, umuman onuň derejesine degişli maglumat ýa-da san görkezilmeýär.
"Öýünde bejergi alýan köp"Bu aralykda, saglyk işgärleri ilatda pul ýokdugy zerarly köp adamyň lukmana ýüz tutman ýa-da zerur dermanlary satyn alman, öýünde unaş içip, ýüzärlik tütedip, saglygyny dikeltmäge çalyşýandygyny hem aýdýarlar.
“Adatça gerekli dermanlary alyp, ýedi gün ýatymlaýyn bejergi alan näsaglar tiz aýaga galýarlar. Ýöne munuň üçin adamlaryň her biri bahasy 3500 manat bolan dermanlary satyn almaly bolýar” diýip, balkanabatly lukman belledi.
Bu aralykda, Ahaldaky habarçymyz hem, welaýatda dem alyş ýollarynyň keselçiliginiň ýaýraýandygyny we ýiti dümew alamatlary bilen geçýän hassalyk bilen esasan mekdep okuwçylarynyň keselleýändigini habar berýär.
Türkmenistanda ýiti dümew alamatlary bilen geçýän dem alyş ýollarynyň keselçiliginiň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary ýylyň dowamynda birnäçe gezek maglumat berýärler.
Geçen aýyň ortalarynda ýurduň gündogar-günbatar sebitlerinde ýiti dümew alamatlary bilen geçýän dem alyş ýollarynyň keselçiliginiň ýaýraýandygy we munuň bilen uly adamlar bilen bir hatarda, çagalaryň hem keselleýändigini habarçylarymyz aýtdylar. Şonda lukmanlaryň ençemesi hassahanalaryň näsaglardan doludygyny gürrüň beripdi.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň saglygyna degişli bu ýagdaýlar barada hem aç-açan maglumat bermeýärler. Bu barada resmi metbugat hem dymýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России