Tramp täze zarbalar arasynda Eýran bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýtdy
Donald Tramp Eýranyň täze ýolbaşçylarynyň gepleşik geçirmek isleýändigini we dialoga taýýardygyny aýtdy.
"Olar gepleşmek isleýärler we men gürleşmäge razy boldum, şonuň üçin men olar bilen gürleşjek. Olar muny has ir etmelidi. Olar örän amaly we aňsat boljak zady has ir teklip etmelidi. Olar gaty uzak garaşdylar" diýip, ABŞ-nyň prezidenti "The Atlantic" neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Emma Tramp bu hili gepleşikleriň haçan geçiriljekdigini anyklaşdyrmady.
Şol bir wagtda, Ysraýylyň "Ynet" neşiri amerikan resmisine salgylanyp, Tähranyň ABŞ-nyň atyşygy bes etmek teklibini ret edendigini habar berdi.
Neşiriň çeşmesiniň maglumatyna görä, Waşington, araçy, ähtimal, Italiýa arkaly, operasiýa başlananyndan bir gün soň Tährana atyşygy bes etmek teklibini etdi, ýöne Eýran bu teklibi üzül-kesil ret etdi.
