Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Uly Berdimuhamedow Eýranyň prezidentine gynanç bildirdi

0

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi diýip, türkmen metbugaty 2-nji martda, öýleden soň çap edilen habarda aýtdy.

Öňki prezidentiň gynanç hatynda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna häzirki agyr pursatda medet beriji sözlerini aýdyp, onuň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg edendigi bellenilýär.

Bu habar türkmen DIM-niň 2-nji martda, öýleden soň metbugat serişdeleri üçin maglumat çap edip, öz aladasyny bildiren wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Daşary işler ministrliginiň bildiren aladasynda Eýrana 28-nji fewralda ABŞ we Ysraýyl güýçleri tarapyndan urlan zarbalar we şondan bäri Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bolup geçýän wakalar agzalmady.

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär” diýip, daşary syýasat edarasynyň çap eden maglumatynda aýdyldy.

Şeýle-de, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde, ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugynyň esasynda çözülmelidigini “gaýtadan belleýändigini” nygtady.

Bu Türkmenistanyň goňşy ýurtdaky wakalar barada 28-nji fewraldan bäri eden ilkinji resmi beýanaty boldy.

Şu aralykda Eýrandan çykýan ru raýatlarynyň sekizisiniň Türkmenistan ugruny ulanandygy mälim boldy.

Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasy 2-nji martda, emele gelen ýagdaý sebäpli, Eýrandan gönüden-göni uçup bilmeýänler üçin Türkmenistanyň üsti bilen awtoulagly çykmak mümkinçiliginiň işlenip düzülendigini habar berdi.

Rus raýatlarynyň sekiz sanysy Eýrandan çykmak üçin Türkmenistanyň üstünden geçýän ugry ulandy diýip, döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy 2-nji martda, Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygynyň geňeşçisi we başlygy Igor Samoşkine salgylanyp habar berdi.

"Düýn sekiz russiýaly “Sarahs” gözegçilik nokady arkaly serhetden geçdi. Türkmenistan tarapy olary Aşgabada getirip, myhmanhana ýerleşdirdi. Elbetde, biz olary garşyladyk we ýerleşdirmek kömegini etdik. Şu gün olar S7 Airlines uçary bilen Moskwa uçdular" diýip, diplomat aýtdy.

Samoşkiniň sözlerine görä, Eýrandan çykyp, Türkmenistanyň üsti bilen Orsýete girmek mümkinçiliginden peýdalanjak ruslar ilki Eýrandaky rus ilçihanasyna ýüz tutmaly.

Türkmenistan Eýranda galan raýatlarynyň bu ýurtdan çykarylmagyna degişli maglumatlary çap etmeýär,

Azatlygyň habarçylary Eýrana saglyk we söwda aladalary bilen syýahat edýän we soňky günlerde bu ýurtda galan türkmen raýatlarynyň garyndaşlarynyň uly alada galandygyny habar berýärler.

Ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň daşary ýurtlarda düşen kynçylykly ýagdaýlaryndan adatça gyrada durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России