Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistanda 5,2 bal güýjündäki ýer titremesi boldy

0

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy sebit merkezinde, Balkanabat şäherinde 11-nji martda, günortan sagat 12:55 töwereginde ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Adatça bolşy ýaly, döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty tebigy hadysa barada dymýar.

Ýerasty sarsgynyň täsiri Türkmenbasy şäherinde hem duýuldy diýip, habarçymyz ýazdy.

Ýer sarsgyny Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň gyssanmaç ylgaşyp, çagalaryny alyp, öýlerinden daşaryk çykmagyna, dindarlaryň oturyp, doga-dileg etmeklerine sebäp boldy.

“Vesti.az” neşiri Türkmenistanda bolan ýer yranmasy baradaky habary Ýewropa-Ortaýer deňzi seýsmologiýa merkezine salgylanyp çap etdi.

Habarda aýdylmagyna görä, ýer titremesi ýerli wagt bilen sagat 12:55-de Balkanabat şäheriniň golaýynda, 35 km çuňlukda boldy.

Sarsgyn sebitiň birnäçe şäherinde, şol sanda Gumdag, Türkmebaşy we Çelekende hem duýuldy.

Deslapky maglumatlara görä, ýer titremesi uly zyýan ýetirmedi. Ýer titremeleriniň Gyrgyzystanda we Hytaýda hem duýlandygy habar berildi.

Häzire çenli ýeten zyýan barada hiç hili maglumat berilmedi.

Azatlygyň habarçysy, goňşy Eýranda bolýan wakalardan uly alada galan türkmenistanlylaryň, hiç hili resmi habar berilmezliginiň arasynda, ýer yranmasy sebäpli örän galagop bolandyklaryny ýazdy.

Türkmenistanyň hökümeti, hemişe bolşy ýaly, bu habaryň ýurt daşyna çykmagynyň öňüni almaga çalyşýar, balkan sebitindäki internet hyzmaty has-da peseldilip, welaýatyň ýaşaýjylaryna daşary ýurtda ýaşaýan garyndaşlary bilen habarlaşanlarynda hiç zat agzamazlyk tabşyrylýar diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России