Täjigistan Eýranyň ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi
Täjigistan Eýranyň bu sebitde dowam edýän çaknyşyklardan ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi.
Häkimiýetleriň maglumatyna görä, 3610 tonnadan gowrak agramdaky ynsanperwerlik kömegi 110 ýük ulagyna ýüklenip iberildi. Iberilen ýükleriň arasynda dermanlar, arassaçylyk serişdeleri, çagalar üçin geýimler, azyk önümleri, düşek örtükleri, çadyrlar we gurluşyk materiallary bar.
Täjigistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ynsanperwerlik kömegini alyp barýan kerwen 18-nji martda ýola düşdi.
Özbegistan hem biraz öň Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberýändigini aýtdy.
Ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň üsti bilen geçirilen ýükleriň arasynda azyk önümleri — un, tüwi, şeker, makaron, günebakar ýagy, konserwirlenen önümler, şeýle-de dermanlar we lukmançylyk enjamlary bar.
Türkmenistan hem 16-njy martda Eýrana, hususan-da çagalara niýetlenen kömekleri iberdi.
"Prezident Serdar Berdimuhamedowyň buýrugyna laýyklykda, dostlukly Eýran halkyna, hususan-da çagalara dermanlar, lukmançylyk enjamlary we beýleki ynsanperwerlik kömekler iberildi" diýip, ýurduň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
Azerbaýjan hem ynsanperwerlik kömegi tagallalaryna goşulyp, Eýrana 82 tonna ýük iberdi. Bu ýüküň 76 tonnasy azyk önümleri, 4 tonnasy derman we 2 tonnasy lukmançylyk serişdeleri boldy.
