Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda Aşgabatdaky we Arkadagdaky içerki migrantlar ýene öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar

0
Paýtagt Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň häkimiýetleri welaýatlardan gelip işleýän içerki migrantlary öz ýaşaýan sebitlerine ibermek çärelerini güýçlendirdiler. Häkimiýetler bu çäreleri Oraza we Nowruz baýramlarynyň bellenilýän günlerinde “şäherleriň asudalygyny goramak tagallalary” bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy martda sebitden maglumat berdi.
“Şu günler Aşgabadyň we Arkadagyň polisiýa işgärleri welaýatlardan gelip, bu şäherlerde işleýän raýatlara garşy reýdleri geçirýärler. Köçelerde ýa-da işleýän ýerlerinde saklanan welaýat ýaşaýjylary dessine otly ýa-da awtobus menzillerine eltilýär we öz ýaşaýan sebitine ugradylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Polisiýa işgärleri içerki migrantlara dilden berýän maglumatlarynda Aşgabatda hem-de Arkadagda resmi ýazgyda durmadyk welaýat ýaşaýjylarynyň Oraza we Nowruz baýramlary geçýänçä bu şäherlerden çykmalydygyny aýdýarlar.
“Şeýle-de, olar bu çäreleriň baýramçylyklaryň bellenilýän günlerinde ‘bu şäherlerde asudalygy goramak maksady” bilen amal edilýändigini hem aýdýarlar. Ýöne biziň asudalyga nähili zyýan ýetirip biljekdigimiz barada hiç zat aýtmaýarlar” diýip, lebaply işçi anonimlik şertinde beren maglumatynda bu ýagdaýyň welaýatlardan gelip, Aşgabatda we Arkadagda zähmet çekýän köp raýatda nägilelik döredýändigini aýtdy.
Türkmenistanda şu ýyl Oraza baýramy 20-nji martda bellenilýär. Mundan bir gün soň bolsa, ýagny 21-nji martda ýurtda her ýyl bolşy ýaly Nowruz baýramy belleniler.
Çäreleriň gurluşyk firmalaryna ýetirýän täsirleri...Bellesek, welaýatlardan paýtagta we Arkadag şäherine gelýän işçileriň köpüsi hususy eýeçiliklerdäki gurluşyk firmalarynda, hususy hojalyklardaky jaý abatlamak işlerinde günlükçi bolup zähmet çekýär. Mundan başga-da, olar şäher häkimliklerine degişli kärhanalarda arassaçylyk işgärleri bolup zähmet çekýärler.
Muňa garamazdan, olaryň aglabasynyň işi doly resmileşdirilmeýär. Olar wagtlaýyn ýazga alnyp, işleýändigi barada resmi kepilnama bilen üpjün edilmeýärler.
Türkmen häkimiýetleri welaýatlardan Aşgabada we Arkadaga gelip işleýän içerki migrantlaryň sany barada maglumat bermeýärler. Ýöne ýagdaýlardan habarly içerki migrantlaryň ençemesi olaryň sanynyň müňlerçedigini aýdýar.
Habarçymyz häkimiýetleriň içerki migrantlara garşy çäreleriniň diňe welaýatdan gelen işçilerde däl, eýsem hususy gurluşyk firmalarynyň ýolbaşçylarynyň ençemesinde hem nägilelik döredýändigini aýdýar.
Gurluşyk firmalarynyň ençemesiniň ýolbaşçysynyň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, işçi güýjüniň ýiti ýetmezçilik edýän şu günlerinde häkimiýetleriň bu çäresi firmalaryň işiniň ençeme günläp bökdemegine sebäp bolýar.
"Öz ýurduňdaky polisiýadan gaçmagyň deregine daşary ýurduň polisiýasyndan gaçmak..."“Şäher häkimlikleri bar bolan welaýatly işçileri hem üç aýda bir gezek bolýan uly baýramlarda öýlerine kowup, her sapar içerki migrantlaryň paýtagtda işlemek höwesini hem gaçyrýarlar we barja işgärlerimizi hem karz alyp, Orsýete, Türkiýä ýa-da ýewropa ýurtlaryna gitmäge iterýär. Işçiler Türkmenistanda 150 dollar aýlyk alyp, öz ýurduňda polisiýadan gaçyp işläniňden daşary ýurtlarda 1500 dollar aýlyga işläp, daşary ýurt polisiýasyndan gaçyp işlänimiz has peýdaly diýýärler” diýip, gurluşyk firmalarynyň biriniň ýolbaşçysy aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň we Arkadagyň şäher häkimliklerinden, şeýle-de Polisiýa müdirliklerinden telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda welaýat ýaşaýjylarynyň Aşgabada goýberilmezligi ýa-da paýtagtdan çykarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar köplenç uly baýramçylyklaryň ýa-da ýurtda geçirilýän halkara çäreleriniň öňüsyrasynda bolýar we çäklendirmeler hepdeläp, käte ondan hem köp wagt dowam edýär.
Paýtagtda welaýatlylara garşy gözegçiligiň güýçlendirilendigi barada Azatlygyň habarçylary soňky gezek fewral aýynyň birinji ongünlüginde maglumat beripdiler. Şonda olar welaýatlardan gelip, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginde arassaçylyk işgärleri bolup işleýän ýurt raýatlarynyň hem polisiýa tarapyndan nyşana alynýandygyny aýtdylar.
Türkmen häkimiýetleri we resmi media bu çäreler, olaryň sebäpleri we bularyň welaýat ýaşaýjylaryna, şeýle-de iş berijilere ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России