Belarus häkimiýetleri 250 syýasy tussagy türmeden boşatdy
Belarus häkimiýetleri 250 syýasy tussagy jeza öýlerinden boşatdy. ABŞ Belarusyň Ösüş bankyna we Maliýe ministrligine garşy sanksiýalary ýatyrdy.
Belarus häkimiýetleri syýasy tussaglaryň toparyny boşatdy, olaryň içinde jemgyýetçilik işgärleri, oppozisiýa aktiwistleri, žurnalistler we 2020-nji ýyldaky protestlere gatnaşan adamlar hem bar. Bu habar Belarusyň garaşsyz metbugat serişdelerinde çap edildi.
Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy aktiwist Kim Samusenkonyň we “Belsat” teleýaýlymynyň žurnalisti Ýekaterina Bahwalowanyň (Andreýewanyň) hem tussaglykdan boşadylandygyny habar berdi.
ABŞ-nyň Wilnýusdaky ilçihanasy jemi 250 adamyň tussaglykdan boşadylandygyny, olaryň 15-siniň Litwa gelendigini, 235-siniň bolsa Belarusyň özünde boşadylandygyny habar berdi. Bu sanlary “Wýasna” adam hukuklary merkezi we “Belta” döwlet habar agentligi hem tassyklady.
Bu soňky ýyllarda Belarusda tussaglaryň birbada iň köp möçberde boşadylmagy boldy.
Boşadylan we Litwa äkidilen syýasy tussaglaryň, şol sanda “Wýasna” adam hukuklary guramasynyň aktiwistler Marfa Rabkowanyň we Walentin Stefanowiçiň suratlaryny ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Jon Kol çap etdi.
Tussaglar Aleksandr Lukaşenko bilen Kolyň Minskde geçiren duşuşygyndan soň boşadyldy. Ol Waşingtonyň “Belinvestbanka”, Belarusyň Ösüş Bankyna we Belarus Maliýe ministrligine garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrýandygyny aýtdy.
Taraplar ABŞ-nyň bu ýurtdaky ilçihanasyny täzeden açmak üstünde işleýär diýip, Kol aýtdy. Şeýle-de, ol Lukaşenkonyň ABŞ-na saparynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.
