Aşgabadyň metjitlerinde baýram namazyny okamaga müňlerçe adam gatnaşdy, metjitlere we köçelere güýç gulluklarynyň ýüzlerçesi ýerleşdirildi
Türkmenistanda 20-nji martda bellenilýän Oraza baýramynda paýtagtyň metjitlerinde baýram namazy okaldy. Metjitleriň käbirine müňlerçe adam bardy. Aşgabadyň häkimiýetleri baýrama birnäçe gün galanda paýtagtdaky we onuň etegindäki metjitlerde, köçelerde we köpçülik ýerlerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi.
Şeýle-de, paýtagtdaky we onuň etegindäki metjitleriň ymamlary ilaty baýram namazyny öz ýaşaýan ýerindäki metjitlerde okamaga çagyrdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 20-nji martda paýtagtdan maglumat berdiler.
“Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň ‘paýtagtyň merkezine gitmek gadagançylygyna’ garamazdan, Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän metjitlerde baýram namazyny berjaý etmäge müňlerçe adam gatnaşdy. Magtymguly şaýoly we Görogly köçeleriniň arasynda ýerleşýän Hezreti Osman metjidiň içi we daşy adamdan doldy” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu metjitde köplük bolup okalan baýram namazyna käbir daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
“Namaz okap, metjitden çykmaga şynanyşan müňlerçe dindar ençeme minutlap metjitden goýberilmedi. Sebäbi polisiýa we MHM işgärleri gapyny ýapyp saklap, daşary ýurtly myhmanlar gidenden soň, çykaryljakdyklaryny aýdyp, märekäni ençeme minutlap metjidiň ýapyk gapylarynyň aňyrsynda sakladylar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Paýtagtyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerimiz häkimiýetleriň Oraza baýramyna birnäçe gün galanda Türkmenistanyň müftüsiniň, metjitleriň ymamlarynyň, Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň we beýleki güýç gulluklarynyň gatnaşmagynda ýygnak geçirip, howpsuzlygy ara alyp maslahatlaşandygyny aýdýarlar.
"Hökümeti aladalandyrýar"“Baýram namazyny okamaga geljek märekäniň howpsuzlygyny berjaý etmekde geçirilmeli çäreleri maslahatlaşdylar. Ilatyň köpçülikleýin bir ýere jemlenmegi hökümeti aladalandyrýar. Ýygnaklarda döräp biläýjek tolgunyşyklaryň öňüni almagyň usullary barada hem gürrüň edildi” diýip, çeşmämiz belledi.
Çeşmelerimiz Türkmenistanyň goňşy ýurtlarynda bolup geçýän syýasy wakalaryň türkmen hökümetini hem howsala salýandygyny aýtdylar.
“Ilatyň bir ýere köpçülikleýin üýşmeginiň, paýtagtyň merkezindäki metjitlere gelmeginiň öňüni almak üçin Aşgabadyň etegindäki we çetindäki ýaşaýyş toplumlarynyň girelgelerinde polisiýa işgärleriniň toparlary nobatçylyk çekdiler. Olar daň bilen baýram namazyny okamak üçin Aşgabada ugrajak bolan adamlaryň aglabasyny saklap, yzyna doladylar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ymamlaryň çagyryşlaryBellesek, paýtagtdaky we onuň etegindäki, şol sanda Bagtyýarlyk etrabyndaky, Gypjak, Gökje, Herrikgala we Büzmeýin ýaşaýyş toplumlaryndaky metjitleriň ymamlary Oraza baýramyna iki gün galanda, ilaty baýram namazyny öz ýaşaýan ýerindäki metjitlerde okamaga çagyrdylar.
“Ymamlar bu çagyryşlary, geçen ýyllarda bolşy ýaly, paýtagtyň uly metjitlerinde adamlaryň sanynyň aşa köpdügi zerarly, adamlaryň arasynda dyknyşyklaryň we dawa-jenjelleriň öňüni almak maksady bilen edýändiklerini aýtdylar” diýip, paýtagtyň etegindäki metjitleriň birinde ymamyň eden çagyryşyny diňlän ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz şuňa meňzeş ýagdaýlaryň geçen ýyl paýtagtyň Hezreti Omar we Hezreti Osman metjitlerinde bolandygyny belledi.
Şonda bu metjitlere paýtagtyň çetki obalaryndan müňlerçe dindaryň toplanmagy bilen, olaryň içi adamdan doldy. Köp adam ýany bilen getiren namazlygyny ýere ýazyp, baýram namazyny metjidiň howlusynda okady.
Bellesek, paýtagtda howpsuzlyk çäreleri 18-njy martda güýçlendirilip başlandy. Baýram namazy bilen baglanyşykly, metjitleriň ýanynda güýç gulluklaryň nobatçylyk çekmeli toparlarynyň sany, adaty günlere garanyňda, iki-üç esse artdyryldy.
“Häzir paýtagtyň çäginde ýerleşýän uly metjitleriň töwereginde ýüzläp polisiýa, ýol gözegçiligi gullugyny we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri nobatçylyk çekip, mähellä gözegçilik edýärler” diýip, paýtagtly ýaşaýjy 19-njy martda aýtdy.
"Olaryň sanynyň şeýle bir köpdügi zerarly"Polisiýadaky çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, geçen ýyllarda hem bolşy ýaly, olar baýram namazy okalyp, märeke doly dargaýança, nobatçylyk çekýärler we soňra ýuwaş-ýuwaşdan metjitleriň töwereginden aýrylýarlar.
Howpsuzlyk çäreleri diňe metjitleriň töwereginde däl, eýsem paýtagtyň tas ähli köçelerinde we köpçülik ýerlerinde hem güýçlendirildi.
“Dynç alyş seýilgählerinde, söwda we dynç alyş merkezleriniň, uly marketleriň töwereginde, şa ýollarynyň iki tarapynda pyýada we ulagly nobatçylyk çekýän ýüzlerçe howpsuzlyk, polisiýa işgärini görse bolýar” diýip, paýtagtly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, olaryň sanynyň “şeýle bir köpdügi zerarly” bu ýagdaý käbir paýtagtlylarda nägilelik hem döredýär.
“Käbir halatda olar bilen ýakymsyz sataşýan raýatlar hem bolýar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda şäher häkimliginden we polisiýa bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda häkimiýetler, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem Remezan aýynyň başlanmagy we metjitlere barýan adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen, musulman dinçileriniň üýşmeleňlerine gözegçiligi artdyryp başlapdylar. Balkanda sakgal goýberýänlere, hijab dakynýanlara garşy basyşlar güýçlendirildi.
Mundan başga-da, baýramyň öň ýanynda, paýtagtyň we Arkadag şäheriniň häkimiýetleri welaýatlardan gelip işleýän içerki migrantlary öz ýaşaýan sebitlerine ibermek çärelerini hem batlandyrdylar. Olar bu çäreleri baýramçylyk günlerinde “şäherleriň asudalygyny goramak tagallalary” bilen düşündirdiler.
Türkmen häkimiýetleri we resmi media bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
