Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Waşingtonda Trampyň gatnaşmagyndaky metbugat agşamynda atyşyk boldy

0

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda Washington Hilton myhmanhanasynda geçirilen Ak tam žurnalistleriniň agşamynda atyşyk boldy. ABŞ-nyň Gizlin gullugynyň işgärleri prezidenti we birinji hanym Melaniýa Trampy münberden howpsuz ýere ewakuasiýa etdiler.

CNN administrasiýanyň bir wekiline salgylanyp, Trampyň zyýan çekmändigini we howpsuz ýagdaýdadygyny habar berdi. Çärä ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wens we maliýe sekretary Skott Bessent hem gatnaşýardy, olar hem ewakuasiýa edildi. Gizlin gullugyň işgärleriniň biri ýaralandy.

Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda atyşyk eden adamyň saklanandygyny ýazyp, kanun goraýjy edaralaryň işini öwdi. Ol saklanan adamyň suratyny hem çap etdi.

CNN-iň maglumatyna görä, atyşykda güman edilýän adam Günorta Kaliforniýada mugallym bolup işläpdir. Teleýaýlymyň çeşmeleri onuň Torrans şäherinde ýaşaýan 31 ýaşly Koul Allen bolandygyny aýdýar.

Polisiýanyň maglumatyna görä, ol çäräniň geçirilýän myhmanhanasynda myhman hökmünde galýan eken we ýanynda birnäçe görnüşli ýarag, şol sanda sapançalar we pyçaklar bolupdyr. Deslapky maglumatlara görä, ol ýeke özi hereket edipdir. CBS News çeşmeleriniň habar bermegine görä, Allen saklanandan soň kanun goraýjylara Tramp administrasiýasynyň resmilerine ok atmak isländigini aýdypdyr.

Häzirki wagtda Allen lukmançylyk barlagyndan geçirmek üçin äkidilen hassahanasynda saklanýar. Oňa duşenbe güni aýyplama bildirilmegine garaşylýar.

1981-nji ýylyň mart aýynda şol myhmanhananyň golaýynda prezident Ronald Reýganyň janyna kast etmek synanyşygy bolupdy. Reýgan ok ýarasyny alypdy, ýene üç adam şikeslenipdi. Hüjüm eden Jon Hinkli akyl taýdan jogapkärçilige ukyply däl diýlip ykrar edilip, soňra psihiatriýa hassahanasyndan boşadylypdy.

2024-nji ýylyň iýulynda Pensilwaniýa ştatynyň Batler şäherinde geçirilen miting wagtynda Trampa garşy hem suikast synanyşygy edilipdi. Oklaryň biri prezidentiň başyndan birnäçe millimetr aralykdan geçip, onuň gulagyna degipdi. Şonda bir adam ölüp, ýene iki adam ýaralanypdy, atyşyk eden adam bolsa öldürilipdi.







Губернаторы России





Губернаторы России
103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России