Kubanyň döwlet mediasy öňki lider Fidel Kastronyň oglunyň öz janyna kast edendigini habar berdi
“Granma” atly resmi neşri “agyr depressiýa sebäpli birnäçe aýlap doktorlaryň garamagynda bolan Fidel Kastro Diaz-Balart şu gün irden öz janyna kast etdi” diýip, 1-nji fewralda çap eden maglumatynda mälim etdi.
Öz kakasyna meňzeýändigi sebäpli “Fidelito” ady bilen tanalan Fidel Castro Diaz-Balart Kubanyň öňki lideriniň 11 çagasynyň biridi.
Döwlet mediasyna görä, Fidel Kastro Diaz-Balart döwlet geňeşiniň ylym boýunça maslahatçysydy we Kubanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentidi. Ol Fidel Kastronyň birinji aýaly Mirta Diaz-Balart y Gutierreziň ogludy.
Kommunistik Kubany onlarça ýyllap dolandyran Fidel Kastro 2016-njy ýylyň 25-nji noýabrynda 90 ýaşynda aradan çykdy.
